Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini, dostluk we ylalaşyk ýörelgelerini pugtalandyrmakda gazanylan üstünlikleriň kämillik belentliklerine göterilýän zamanasydyr. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ilhalar tutumlarynyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda dowamat-dowam tapyp, rowaçlyklara beslenýändiginiň tassyknamasydyr. Bu bolsa öz nobatynda, dünýäniň iň iri hem-de abraýly halkara bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 28 ýyllyk taryhy senesini mynasyp zähmet netijeleri arkaly şöhratlandyrýan Berkarar Watanymyzy dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly, gülläp ösýän döwletleriniň birine öwürmek babatdaky arzuw-maksatlarymyzyň myradyna gowuşýandygyny görkezýär. Agzybir türkmen halkynyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde, nurana geljeginiň berk binýadyny goýmakda ýetilýän sepgitler hem bu hakykatyň özboluşly dabaralanmasydyr. Netijede, eziz Diýarymyz tutuş dünýäde ösüşiň çäksiz belentliklerine tarap ynamly öňe barýan, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, berk binýatly, geljegi aýdyň ýurt hökmündäki mynasyp ornuny has-da berkidýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gazanylýan şunuň ýaly köpugurly ösüşler, jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alan giň gerimli özgertmeler ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde döwrüň wajyp wezipelerini goýýar. Bagtyýar ýaşlarymyzy watansöýüjilik ruhunda hem-de pederlerimiziň kämillik mekdebini geçen belent ahlak ýörelgelerimize laýyklykda terbiýelemek, täze taryhy eýýamda üstünlikli dowam etdirilýän düýpli özgertmeleriň, ynsanperwerlige ýugrulan döwlet syýasatymyzyň geljekde hem rowaçlyklara beslenmeginde ýaş nesliň mynasyp ornuny pugtalandyrmak indi otuz iki ýyl bäri bagtyýar ýaşlar bilen işleşip gelýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň baş maksatlarynyň biridir. Hemişelik iş ýörelgesine öwrülen şeýle döwletli maksat-tutumlara abraý bilen hötde gelmekdäki giň gerimli tagallalaryň barşynda hormatly Prezidentimiziň strategik maksatnamalaryny ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde, düşündirmekde hem-de olary täze-täze üstünliklere ruhlandyrmakda netijeli işler alnyp barylýar. Begendirýän ýagdaý, bu işleriň üstünliklere beslenmegi babatda hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesinde ähli şert-mümkinçilikleri döredip, biz — ýaşlara uly ynam bildirýänligidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün beýik taryhy döwre gadam basyp, gurmak we döretmek ýoly bilen öňe barýar. Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir. Beýik Watanymyzyň berkararlygy, güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi her bir türkmen ýigidiniň we gyzynyň biliminde, şahsyýet hökmünde kämilliginde jemlenendir» diýen çuň mazmunly sözleri şeýle buýsançly hakykatyň beýany bolup ýaňlanýar.
Ýurduň egsilmez kuwwaty, röwşen geljegini gurujylar bolan ýaşlaryň bagtyýarlygy babatda edilýän aladalaryň kabul edilen hem-de hereket edýän milli kanunçylyk namalaryna, şeýle-de uzakmöhletleýin maksatnamalara esaslanýandygy nygtalmaga mynasypdyr. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” muňa anyk subutnamalardyr. Bu döwletli çözgütler ýaşlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmekde düýpli öňegidişlikleriň gazanylmagyna netijeli itergi berýär. Ýurdumyzyň ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşynda ýetilýän belent sepgitlerde ýaşlarymyzyň mynasyp ornuny şeýle aladalaryň guwandyryjy miweleri hökmünde mysal getirip bolar. Türkmen sportunyň dünýä dolan şan-şöhratyny artdyrmakda, bilim, ylym ulgamlaryny ösdürmekde, dünýäniň kämil tehnologiýalaryna daýanýan önümçiliklerde döredijilikli, öndürijilikli zähmet çekmekde, sanly bilime we sanly ykdysadyýete geçmekde, hususyýetçiligi ösdürmekde gazanylýan üstünliklerde hem bagtyýar ýaşlar aýratyn işjeňlik görkezýärler.
Ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, olarda milli ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklarymyza, halal zähmete hormat-söýgini kemala getirmekde, ýaş nesliň jemgyýetçilik, şahsy başlangyçlaryny goldamakda, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermeklerini gazanmakda ýetilýän belent sepgitler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyşymyz egsilmezdir! Biz — ýaşlaryň röwşen geljegi barada hemmetaraplaýyn aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolup, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen beýik tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
başlygynyň orunbasary.