ZÄHMETSÖÝERLIK — BAGTYÝAR WE UZAK ÝAŞAMAKDYR

     Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda pederlerimiziň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgelerini ýaşlarda terbiýelemek maksady bilen «Zähmetsöýerlik — bagtyýar we uzak ýaşamakdyr» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar şeýle hem TMÝG-niň işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesiller barada döwlet derejesinde edilýän aladalaryň oňyn netijeleri berýändigi barada, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilýändigi, olaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyna mynasyp goşant goşýandyklary dogrusynda buýsanç bilen belläp geçdiler.

     Dabaraly maslahatyň ahyrynda türkmen ýaşlaryna durmuşda ýol-ýörelge bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

 

Meýlis GURDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin

habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI