BILELIKDÄKI TAGALLALAR

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze derejä çykarylmagynda ýaş nesle uly ynam bildirilýär. Ýaş türkmenistanlylaryň 900 müňden gowragyny öz düzüminde birleşdirýän Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem bu işe mynasyp goşant goşýar. Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde Ýaşlar guramasynyň agzalary daşary ýurtlarda saparlarda bolup, dünýä ýaşlary bilen tejribe alyşýarlar, halkara forumlara gatnaşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen, 16 — 18-nji noýabr aralygynda Mary şäherinde üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forum hem biz — ýaşlar üçin taryhy waka boldy.

     Halkara forumyň dabaraly açylyşy, mejlisleri we wekiliýetleriň ikitaraplaýyn duşuşyklary netijeli häsiýete eýe boldy. Ylym-bilim, innowasiýalar, ekologiýa, daşky gurşawyň durnuklylygy, medeniýet, sport ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýaşlaryň öňünde durýan wezipeler şol çäreleriň özenini düzdi. «Merkezi Aziýada we Hytaý Halk Respublikasynda ýaşlar syýasatynyň derwaýys meseleleri» atly işewürlik duşuşygynda Türkmenistanyň, Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň söwda-ykdysady kuwwaty, senagat, energetika, gurluşyk, oba hojalygy, ulag-logistika we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Dünýä tejribesinde meşhurlygy barha artýan täzeçil çemeleşmeler esasynda «akwarium» görnüşinde geçirilen maslahatda bolsa ýaşlar syýasaty boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hakynda pikir alşyldy. Oňa gatnaşyjylar şeýle görnüşli çäreleriň ýaşlaryň durmuş işjeňligini has-da artdyrmaga, özara bähbitli gatnaşyklary berkitmäge, ynanyşmagyny pugtalandyrmaga itergi berýändigini nygtadylar. Foruma gatnaşyjy wekiliýetleriň arasynda ýaşlar syýasaty boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugruny durmuşa geçirmek maksady bilen, bilelikde «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamak baradaky karara gelinmegi bolsa halkara çäräniň esasy netijeleriniň biri boldy.

 

Begenç HALNEPESOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň

halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri.

“Watan” gazeti. 21.11.2023ý.

Meňzeş habarlar

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

UÇÝAN TEHNOLOGIÝALARYŇ ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

DÜNÝÄNIŇ IŇ BAGTLY ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 3 okalan

HAZAR DIPLOMATIÝASYNYŇ TÜRKMEN NUSGASY