Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Merkezi Aziýa sebitinde ulag ulgamyny ösdürmekde hem-de döwrebaplaşdyrmakda örän möhüm orny eýeleýär. 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Degişli Kararnama Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edildi. Ýatlap geçsek, 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamyny ösdürmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary biragyzdan kabul edilipdi. Munuň özi, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki belent abraýyndan habar berýär. Hormatly Prezidentimiz «Biz Türkmenistanyň maksada gönükdirilen işiniň netijesinde, diňe soňky ýyllarda ulag babatda öňe süren başlangyçlarymyz boýunça Baş Assambleýanyň alty kararnamany kabul edendigine buýsanýarys» – diýip, belleýär.
Şu ýylyň ýanwarynda tassyklanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» strategik taýdan ähmiýetli çäreler göz öňünde tutulýar. Olar, hususan-da, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmekden; ulag ugrunda halkara guramalar, şol sanda BMG hem-de onuň sebitleýin komissiýalary, ýagny Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, şeýle-de ýöriteleşdirilen halkara ulag we logistika guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden; badalga berlen iri halkara we sebitara taslamalary durmuşa geçirmekden, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Ulag diplomatiýasy biri-biri bilen ýakyndan baglanyşykly bolan birnäçe ugry özünde jemleýär. Muňa ýurduň üstaşyr ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmek babatda çäkdeş ýurtlar bilen ylalaşyklary baglaşmak, zamanabap awtomobil, demir ýollary gurmak, howa we deňiz-derýa gatnawlaryny döretmek, şol ýollardan üstaşyr ýükleri we ýolagçylary gatnatmagyň şertlerini ylalaşmak ýaly ugurlary mysal getirmek bolar. Bu ugurda amala aşyrylýan işler Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gaýtadan dikeltmekde, ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmekde ynamly ädimleri ätmäge mümkinçilik berýär.
Dünýä döwletleri öz ýüklerini we ýolagçylaryny gysga wagtda amatly geçirmek babatda Türkmenistanyň mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýärler. Türkmenistan Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmegiň howpsuzlygyny kepillendirýär. Parahat ýagdaý, halkyň agzybirligi, berk berjaý edilýän ekologik talaplar dünýä döwletlerinde we iri kompaniýalarda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly isleg döredýär. Ýurdumyzyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, «Açyk gapylar» syýasaty bu ugurdaky işleriň has-da ilerlemegine itergi berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň uzynlygy 203 kilometr bolan Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmegi türkmen halkyny diýseň buýsandyrdy. Halkymyzy aýratyn guwandyrýan zatlaryň biri-de, bu halkara derejeli ulag ýoluny hut türkmen gurluşykçylarynyň ýerine ýetirmegidir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Diýarymyzda ulag ulgamynyň köpugurly düzümlerini döretmek hakyndaky yzygiderli öňe sürülýän başlangyçlar bu günki gün sebitiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Munuň özi, parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Şeýlelikde Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen ýurdumyz Ýewraziýa yklymynyň köp sanly ýurtlaryny birleşdirýän döwlete öwrülýär.
Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
başlygynyň w.ýe.ýe.