Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe innowasiýalara, çylşyrymly tehnologik çözgütlere esaslanýan iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, aň-bilim ösüşini üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek, ilkinji nobatda ýaş nesilleriň taýýarlygyna baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly nesiller bolup ýetişmekleri üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Ýokary bilim edaralarynda ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazaryýet bilimleriniň kämilleşdirilmegine, täze ylmy taglymlary, öňdebaryjy ylmy-barlag işleriniň netijelerini hem-de tehnologik tilsimleri özleşdirmegine aýratyn üns berilýär. Çünki, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, döwür täze pikirleri hem-de innowasion önümçilikleri talap edýär.
Hormatly Prezidentimiziň öňe süren Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamak başlangyjy derwaýys ähmiýete eýedir. Bu başlangyç ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi, dünýäniň bilim giňişligine ýurdumyzyň işjeň goşulyşmagy, bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýändigi nukdaýnazaryndan örän wajyp başlangyçdyr. Bu resminama mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, doly orta mekdepden daşary we goşmaça bilim boýunça okatmagyň usulyýetini milli tejribä, döwlet we halkara bilim standartlaryna laýyk getirmäge gönükdirilýär. Munuň özi, ýaşlaryň bilim taýýarlyklaryny kämilleşdirmäge, olarda ýaşlykdan innowasion çözgütlere, ylmy taslamalara, täze gözleglere höwes döretmäge ýardam eder.
Enebaý GELDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.