BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR ÝAŞLARY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uly üstünliklere, belent sepgitlere ýetilýär. Bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Eziz Diýarymyzda «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, onuň binýadynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň» tassyklanylmagy, nurana geljegiň eýeleri bolan ynamly, yhlasly, ruhubelent ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine uly mümkinçilikleri döredýär. Şeýle uly mümkinçiliklerden peýdalanýan, ýüregi hyjuwdan doly bagtyýar, kämil ýaşlar milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. 

     Ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlary boýunça ýaşlaryň başarnygyny, sagdyn we kämil ösüş derejesiniň giň mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, şeýle hem olaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramakda we muny iş ýüzünde amala aşyrmakda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu bolsa ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine uly mümkinçilikleri döredýär. Ylyma uly sarpa goýýan halkymyz, döwletimizde ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokary bolmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň täze, kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen binalarynda ýaşlaryň müňlerçesi döwrebap bilim alýarlar. Alan bilimlerini önümçilik okuw tejribelikleriň üsti bilen has çuňlaşdyryp öwrenýärler.

     Türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Meýlis GURDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

UÇÝAN TEHNOLOGIÝALARYŇ ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

DÜNÝÄNIŇ IŇ BAGTLY ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 3 okalan

HAZAR DIPLOMATIÝASYNYŇ TÜRKMEN NUSGASY