Türkmen halkynyň bäş müňýyllyk baý taryhy mirasy, medeniýeti, milli däp-dessury bar. Watanymyz amaly-haşam sungatynyň önümlerini, ýagny milli egin-eşikleri – lybaslary, zergärçilik sungatynyň, haly sungatynyň, keçe önümlerini gözüniň göreji deýin gorap saklaýar. Türkmen halkynyň amaly-haşam sungaty gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Arheologiki gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan keramiki gaplardaky nagyşlar şu döwürdäki haly we egin-eşik, zergärçilik önümlerindäki nagyşlara meňzeş bolup, neolit döwründen bäri dowam edip gelýär. Türkmen halkynyň egin-eşikleri nagyş aýratynlyklary we sünnälenip işlenilişi boýunça tapawutlanýar. Türkmen halky üçin türkmeniň ak öýüni bezeýän haly we haly önümleri we el işleri, keçe önümleri uly ähmiýete eýedir.
Milli gymmatlyklaryna, medeni mirasyna uly sarpa goýýan Türkmenistan Diýarymyz umumadamzat gymmatlyklarynyň medeni ojagydyr. Geçmiş taryhy şöhratly türkmen halkymyz umumadamzat mirasyna, dünýäniň medeni babatdaky ösüşine mynasyp goşant goşan halkdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy, köpöwüşginli we baý mirasymyzy öwrenmäge, dünýä jemgyýetçiligine ýaýmaga gönükdirilen netijeli işler alnyp barylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy ÝUNESKO-nyň abraýly nusgalarynyň sanawynda biziň milli gymmatlyklarymyzyň hem orun almagy kalplary çäksiz guwanja besleýär. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden medeni mirasyny öwrenmegiň ähmiýeti bu gün esasy üns merkezinde saklanylýar. Türkmen halkymyz özüniň milli keşdeçilik, halyçylyk sungaty, keçe basmagyň milli tejribesi, demir ussaçylygy, türkmen milli tagamlary, dessançylyk sungaty, dokmaçylygy, dutar ussaçylygy, amaly-haşam sungaty ýaly ugurlary bilen bu gün dünýä ýüzüne ýaň salýar. Halkymyzyň baý medeni gymmatlyklaryny öwrenmek bu ugurda döredilen giň mümkinçilikler asyrlaryň ýörelgesi hökmünde nesiller üçin gymmatly göreldedir. Milli mirasymyzy, medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy, milliligimizi öwrenmekde, gorap saklamakda we dünýä ýaýmakda, bu ugurda halkara derejesinde tejribe alyşmakda, şeýle asylly ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilmeginde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň nusgalyk göreldesi ýaş nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly ýörelgeli ýoldur.
Hut şu maksat bilen biziň maddy we ruhy baýlyklarymyzy giňden wagyz etmek, olary ýaş nesillere öwretmek, nesilden nesle geçirmek milli terbiýäniň esasyny düzýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän milli däpleriniň hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda bu ugurda ýaş nesiller bilen çäreleri we bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenijileriň arasynda «Asyrlara ýörelge — nesillere görelde» ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde birnäçe milli el işlerimizi ýerine ýetirmek, türkmen milli tagamlaryny taýýarlamak, şeýle hem milliligimizi şöhlelendirýän birnäçe şertler boýunça bäsleşdiler. Elleriniň azaby, ýürekleriniň arzuwy siňen işleri bilen bäsleşige gatnaşyjylar özleriniň ýokary ussatlygyny, ukyp başarnyklaryny görkezdiler.
Ýeňiji bolan ýaşlara we oňa gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýolundan ýöräp, türkmeniň milli ýol-ýörelgelerine uly üns bermegi bizi diýseň buýsandyrýar. Milliligimizi, medeniýetimizi, däp-dessurymyzy dünýä ýüzüne ýaýmakda ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Aýjan SAPAROWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.