SAGLYK — BAŞYMYZYŇ TÄJI

       Ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak, dürli keselleriň öňüni almak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak babatynda uly işler alnyp barylýar. Ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň, sport bilen meşgullanmagyň, dogry iýmitlenmegiň hem-de şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň peýdaly taraplary barada yzygiderli wagyz-nesihat edilýär. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň hem-de sportuň ýaýbaňlandyrylmagynyň ähmiýeti uludyr. Sagdyn bolmak üçin ýaramaz endiklerden daşda durup, sportuň görnüşleri bilen meşgullanmak, günüň dowamynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilişine-de üns bermelidir. Arassaçylygyň düzgünlerini näme sebäpden hökman ýerine ýetirilmelidigini çagalara düşündirmek möhümdir. Çagalara şahsy arassaçylyk düzgünleri berjaý edilende dürli kesel ýaýradyjy mikroblaryň ýok edilýändigi barada giňişleýin gürrüň bermelidir. Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmekde dişleri, elleri, bedeni, egin-eşikleri tämiz saklamak barada düşündiriş çärelerini geçirmeli. Öýüň arassa bolmagyna, her gün säher bilen otaglaryň ýeljiredilmegine üns bermeli, ýöne şemalyň ugrunda özüňiziň ýa-da çagalaryňyzyň durmagyna ýol bermeli däl. Wagtal-wagtal üzärlik dermanlyk ösümligini tütetmeli. Her bir adam sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etse, dynç alşyny hem-de zähmet çekiş sagatlaryny sazlaşdyrsa, kadaly we ýokumly iýmitlense hassalyga ýolukmaz. Saglygymyzy goramak biziň öz elimizdedir.

 

Begli MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI