GÖZELLIGIŇ GÖWHERI

      Halkymyzyň beýik söýgüsine hem buýsanjyna öwrülen gymmatlyklar hemişe göwnüňi telwaslandyrýar, ylhamyňy joşdurýar. Watanymyz, onuň ak mermerli paýtagty şol gymmatlyklaryň, mukaddeslikleriň hatarynda ählimizi buýsandyrýar. Bu gün türkmen paýtagty Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda syýasy taýdan ösen, ykdysady taýdan kuwwatly, medeni derejesi kämil döwletiň paýtagty hökmünde Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýe boldy. Gözel paýtagtymyza seýle çykyp, seýran edeniňde, çar bagly, serhowuzly seýilgähler kalbyňy joşdurýar. Saba-säherler işe ugranyňda biri-birinden gözel, kaşaň binalary, dürli görnüşli gülleri, bagy-bossanlygy hem-de gam-gussasyz ösüp ulalýan bagtyýar nesilleriň ýüzündäki şatlyk alamatlaryny synlamak juda ýakymly. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, merkezi şäherimizde alnyp barylýan ägirt uly gurluşyk işleriniň netijesinde täze köşkler, edara binalary, kärhanalaryň döwrebap desgalary, sport hem-de medeniýet merkezleri, ylym-bilim, saglygy goraýyş edaralary, çagalar baglary, sagaldyş-dynç alyş merkezleri, çekilýän täze ýokary tizlikli gara ýollar döwrebap keşbe eýe bolýar. Aşgabadyň röwşen geljegi bar. Onuň taryhynda, şu gününde we geljeginde Watanymyzyň beýik ösüşleri dabaralanýar. Döwlet Baştutanymyzyň şähergurluşyk maksatnamasynyň, täze tehnologiýalaryň, ylmy ösüşiň iň soňky gazananlarynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy netijesinde gözel Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülýär. Aşgabat şäheriniň barha giňelip, gözel keşbe, iri işewürlik merkezine öwrülmeginde beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys.

 

 

Enejan DOLAÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we

köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.

 

Aşgabat gazeti.

30.11.2023 ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI