Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda dünýä nusgalyk milli mekdebiniň döremegine giň ýol açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly mümkinçilikler döredildi.
2016-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyplaryň we uçurymlaryň eserlerinden ybarat bolan “Gujurly ýaşlar” atly toparynyň sergisi geçirilip gelýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda 2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gujurly ýaşlary” atly sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Sergide zergärçilik, halyçylyk, külalçylyk, heýkeltaraşlyk, nakgaşçylyk, dizaýn, grafika, sungaty öwreniş ugurlary boýunça ajaýyp eserleriň birnäçesi görkezildi.
Ekspozisiýanyň esasy böleginde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, medeni mirasymyzy we asuda durmuşymyzy wasp edýän suratlar ähmiýetli orun tutdy. Aýratyn-da, şekillendiriş sungaty fakultetiniň talyplary Tahyr Sarykowyň “Gözel bardyr gözellerden zyýada”, Gulhumar Hojaýewanyň “Ylham gelende”, Pawel Anahowskiniň “Aýryldym”, Dünýä Pirmämmedowanyň “Düzme ýazmaga taýýarlyk” ýaly nakgaşlyk eserlerinde, Ogultäç Çarykulyýewanyň “Çöl üstünden öwser ýeli türkmeniň”, Mähriban Agajanowanyň “Gözel sen” atly grafika işlerinde çeperçilik akymlaryň dürli serişdelerini peýdalanylyp, akyldar şahyrymyzyň goşgularynyň çuňňur mazmuny şekillendirilýär.
“Binagärlik we dizaýn” fakultetiniň talyplary Maýsa Narkulyýewanyň “Arkadag şäheri döwrüň sungaty”, Aşyrgeldi Nurmedowyň “Söwda we dynç alyş merkezi”, Döwlet Gapurowyň “Bedew muzeýi” we başga-da birnäçe binagärlik taslamalary tomaşaçylaryň gyzyklanmasyny artdyrdy. Türkmenistanyň ýaş binagärleriniň taslamalarynda milli äheňleriň şöhlelenmesini diňe bir desgalaryň çeper bezeginde däl-de, eýsem, giňişlik göwrümleriň ulanylyşynda aýdyň görünýär. Ýaş suratkeş dizaýnerler sergide döwrebaplyk, täzeçillik, peýdalylyk we tygşytlylyk ýaly esaslara daýanýan önümleriň taslamalaryny görkezipdirler.
Sergide görkezilen amaly-haşam sungaty fakultetiniň talyplary Maral Myradowanyň “Änew metjidi”, Gyzylgül Çaryýewanyň “Kalbyň owazy”, Gülaý Amanmuhammedowanyň “Sport”, Şemşat Ýowşanowanyň “Arkadagly şäherim”, Arslan Ýegennazarowyň “Türkmen sährasy”, Merjen Agamyradowanyň “Haşamlanan küýze” ýaly keramika güldanlarynda, gobelen we haly önümlerinde türkmen halkynyň edebi mirasy, milli nagyşlaryň özboluşlylygy taryp edilýär.
Sungaty öwreniş kafedrasynyň talyplary Nowgül Gurbanmuhammedowanyň “Arkadag şäheriniň binagärliginiň täze çeper çözgütleri”, Begenç Döwletgeldiýewiň “Arkadag şäheriniň bag-seýilgäh medeniýeti”, Ogulsona Öwezmyradowanyň “Arkadag şäheriniň binagärlik sintezi” atly kitaplarynda Arkadag şäheriniň çeper aýratynlyklary we milli binagärligiň däpleri sungaty öwreniş taýdan seljerilýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilýän şeýle çeperçilik sergileri ýurdumyzda ýaşlara döredilip berilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň nyşanydyr. Biz ýaşlara ukyp-başarnygymyzy artdyrmaga mümkinçilik döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Şirin ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
amaly-haşam sungaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.