Ahalteke atlary türkmen halkynyň milli guwanjy bolup, iň gadymy tohumlaryň biri hasaplanylýar. Şonuň üçin biziň ýurdumyzda olaryň baş sanyny köpeltmek ugrundaky işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Olarda döreýän keselleriň öňüni almak we bejeriş işlerini alyp barmak maksady bilen weterinar lukmanlary taýýarlamak boýunça hem degişli çäreler alnyp barylýar. Atçynaslaryň we seýisleriň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Biz bu makalamyzda ahalteke atlarynyň seýislenýän döwründe köp bagat gelýän aýak süňkleriniň keselleriniň biri bolan injigiň siňir çişi, ýagny, bukşin barada gürrüň etmekçi.
Seýislenýän ýaş atlaryň aýaklarynda kähalatda dürli çişler emele gelýär we bu çişleriň bir görnüşi – atyň injiginiň siňir çişi, ýagny, bukşindir. Bukşiniň birinji alamaty – aýagyň injik süňküniň öň tarapyndan gyzgyn çişiniň emele gelmegi. Uzak wagtyň dowamynda siňir çişli atyň seýislenişi, onuň agsaklamagyna we beterlemegine getirýär. Bukşin çişleriň döremegine atlaryň bekemedik süňklerine agramyň düşendigi sebäp bolýar. Bu ýagdaýlaryň bolmagyna ösüp gelýän ýaş taýlaryň nädogry idedilişi we iýmitlendirilişi, olaryň rasionynda ýokumly maddalaryň we witaminleri ýetmezçiligi, iým goşundylaryň mineral we beýleki gerekli maddalaryň ýetmezçiligi sebäp bolýar. Türkmen seýisleri atlaryň seýislenýä döwründe emele gelýän bukşin keseli boýunça ýörite bu ugurdaky hünärmenler bilen maslahatlaşyp, bejeriş we profilaktiki çärelerini alyp barýarlar.
Belli bolşy ýaly, atlaryň süňkleriniň ösüşi we berkligi diňe taýlaryň iýmitlendirmegine bagly bolman, olaryň dürli meýdanlarda gezmegine hem baglydyr. Umuman, injik süňkiniň siňir çişi – bukşin barada atşynaslaryň we seýisleriň arasynda köp gürrüňler edilýär. Köplenç atçynaslar we seýisler aýak süňkiniň siňir çişiniň emele gelmegi süňkiniň daşky we içki gatlaklarynyň şikeslenmegi diýip düşünýärler. Bu ýagdaýda aýagynyň süňkiniň daşky gabygynyň astyna gan inýär we onuň netijesinde süňkde agyry döreýär we birnäçe wagtdan soň gaty çiş emele gelýär. Emma daşary ýurtlaryň weterinar lukmanlary ylmy-kliniki hassahanalarda patalogo-anatomiki we rentgen anyklaýyş barlaglaryň netijesinde bu çişleriň sebäplerini has-da anyk öwrenipdirler. Bukşin çişiniň emele gelmegi injik süňkiniň daşky gatlagynyň döwülmegi we döwülen gatlaklarynyň (kallýus çişiniň gatlaklarynyň) ýerine täze süňk dokumalaryň emele gelmegi sebäp bolýar. Adatça, ýaş taýlaryň injik süňkleriniň şekilleri keseligine tegelek bolýar. Emma bu süňklere agram düşen wagtynda olar öz şekillerini üýtgedýärler. Süňkleriniň içki we daşky diwarlarynyň ýogynlygy olara düşýän agramyna bagly bolýandyr. Adatça, emele gelen täze süňk gatlaklary gözenek şekilli ýumşak bolýar, emma birnäçe wagtyň dowamynda olar gataýarlar we süňküň şekillerini üýtgedýärler.
Injigiň siňir çişiniň (bukşiniň) alamatlary we onuň öňüni alyş çäreleri:
Seýislenýän atlaryň injik süňklerine seýisler we lukmanlar örän ünsli syn etmeli. Köplenç döwülen ýa-da şikeslenen injik süňküniň hamynyň astynda gyzgyn çiş emele gelýär we bu şikeslenen süňkde agyry döreýär. Bu ýagdaýlarda seýislenýän atlaryň işini hökmany suratda birneme azaltmaly, emma olar doly hereketsiz goýulmaly däldir. Bukşin çişiniň ilkinji alamatlarynyň ýüze çykan wagtynda atlaryň aýagyna suw sepilýär we ondan daşgary, şikes ýeten süňklere we injik süňkiniň çişlerine 30 %-li ýodyň erginini guýmak, atyň tiz gutulmagyna ýardam edýär. Atlaryň aýaklarynda döreýän bukşin çişleriniň öňüni almak üçin, olary täze dünýä inen wagtyndan başlap, kada boýunça gezdirmek hökmandyr. Täze doglan taýlar ösüp gelýän döwründe ene baýtallar bilen bilelikde dagyň eteklerinde, baýyrlarda ýa-da sürlen ýer meýdanlarynda gezdirmek peýdalydyr. Türkmen ussat seýisleriň aýtmagyna görä, ýurdymyzyň daglary we baýyrlary, olaryň beýikli-pesliligi, baýyrlardaky dürli otlaryň ýokumlylygy türkmen atlarynyň süňkleriniň berkligine we dogry ösmegine tebigy taýdan öz täsirini ýetirýär.
Geldimuhammet BÄŞIMOW,
Atçylyk ylmy önümçilik Merkeziniň Ylmy-kliniki bölüminiň keselleri bejeriş bölümçesiniň weterinar lukmany, Ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.