Halkymyzda kitap iň eziz görülýän gymmatlyklaryň hatarynda goýulýar. Kitap biziň ýagty geljegimiziň aýdyň güwäsi bolmak bilen, oňa uly hormat-sarpa bilen garalýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: “Kitap okan gullar magnydan dokdur” – diýip, kitabyň ähmiýetini ajaýyp setirler bilen düşündiripdir.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzda kitaphanalary dünýä ülňülerine laýyk getirmek maksady bilen, wirtual kitaphanalara öwürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlarda kitaba bolan söýgi döretmek maksady bilen, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Häzirki wagtda, ýaşlarymyzyň kitap okamaga höwesi uly bolup, bu günki gün kitaphanalar iň bir gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüldi.
Ýurdumyzda kiçi ýaşly çagalardan başlap, uly ýaşlylar üçin hem baý many-mazmuna eýe bolan eserler yzygiderli neşir edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan dörän eserler bahasyz gymmatlykdyr. Bu eserlerde ýaş nesil we olaryň bagtyýar geljegi baradaky çäksiz söýgä ýugrulan dürdäne pähimler şu günüň we geljegiň çelgisidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli edebiýatymyzy, edebi mirasymyzy öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin !
Annagözel GURBANOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň
44-nji orta mekdebiniň mugallymy, TMÝG-niň işjeň agzasy.