Daşky gurşawy goramak babatda halkara derejesinde goşulyşmak hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Türkmenistan hemişe giň möçberli ekologiýa meselelerini çözmäge ýardam edýän oňyn hyzmatdaşlyk üçin açykdyr. Ýurdumyz möhüm ekologiýa howpsuzlygyny öňe sürýän başlangyçlary bilen dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Hazar boýunça halkara ekologiýa dialogyny alyp barmak, BMG bilen özara hereketde bolan ýöriteleşdirilen Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebitleýin merkezi döretmek ýaly başlangyçlar munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyz suw serişdelerini goramak we olaryň hili, ýerleriň zaýalanmagynyň, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, bioköpdürlüligi saklamak ýaly sebit derejesindäki meseleleri çözmekde gyzyklanma bildirýän taraplaryň ünsüni çekýän merkeze öwrülýär.
Garagum çölüniň jümmüşinde gurulýan “Altyn asyr” türkmen kölüniň daşky gurşawy sagdynlaşdyrmaga, suw we ýer serişdelerini rejeli peýdalanmaga gönükdirilen ägirt uly ekologiýa taslamasynyň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen kölüniň gurulmagy netijesinde, suwa basdyrylýan ýerleriň, öri meýdanlarynyň müňlerçe gektary dolanyşyga gaýtarylyp berilýär, zeý suwlary gaýtadan ulanylýar, suw serişdeleriniň gorlary artýar, bioköpdürlülik baýlaşýar. Bu taslama ilatyň saglygy, daşky gurşaw hakynda döwletiň edýän aladasynyň nusgasy we suw serişdeleriniň ýetmezçiligini çözmegiň mysaly bolup durýar.
Hangeldi ITALMAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.