Watany goramak agyr we jogapkärli wezipedir. Ýöne Watany goramakdan uly bagt, borç we mertebe ýokdur. Watan her bir ynsanyň at-abraýydyr, ar-namysydyr. Her bir ynsan göbek ganynyň daman ýeri bolan eziz Watanyny başyna täç etmelidir. Türkmen halkynyň öz ata Watanyny, ene topragyny şeýle eziz görýändigine, ony gözüniň göreji deýin gorandygyna taryhy çeşmeler şaýatlyk edýär. Ata-babalarymyz Watany goramagyň ugrunda, öz Watanynyň asudalygynyň, azatlygynyň ugrunda ençeme ýollar geçipdirler. Oguz han, Togrul beg, Çagry beg, Görogly beg, Alp-Arslan ýaly edermen, gahryman gerçekler watansöýüjiligiň, merdanalygyň, ýanbermezligiň, mertligiň, garadan gaýtmazlygyň, Watany söýmegiň nusgasyny görkezip, Watany goramagyň, onuň azatlygyny, howpsuzlygyny üpjün etmegiň aňrybaş göreldesini görkezendirler. Ata-babalarymyz Watan azatlygy ugrunda, Watanyň hemmetaraplaýyn asudalygyny üpjün etmek meselesinde ýüze çykyp biljek islendik kynçylyklary, päsgelçilikleri ýeňip geçipdirler. Watan üçin janyny gaýgyrman söweşipdirler. Ata-babalarymyz eziz Watanyny ar-namysyna deňäpdirler. Olaryň Watan azatlygy ugrundaky göreşlerde, dartgynly söweşlerde ruhubelentlik bilen söweşendiklerine türkmeniň taryhy ýoluna ser salanyňda hem görmek bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda şeýle setirler bar: «Watan goragy – iýen halal duzuňy haklamakdyr. Watan biziň her birimiz üçin elýetmez mertebedir. Munuň-da sebäbi, Watan söýgüsi soňlanýan däldir. Watana söýgi hemişe joşup duran mukaddes duýgudyr. Şeýle bolanlygy üçinem, diňe mertler, Watanyň mert ogullary Watany beýgeldýärler.
Halkymyzyň merdanalyk mekdebi – bu Watan söýgüsiniň heniz asla ýazylmadyk sowadyny öwredýär. Çünki ata-babalarymyzyň pähim-paýhasly terbiýe, edep-ekram hakyndaky nesihatlary, görüm-göreldeleri hakydalarymyzda ebedi ýaşaýar. Watanyň ykbalyna ykbalyny gatan mert ogullaryň gaýraty hiç egsilmesin!»
Ösüşleriň täze belentliklerini nazarlap ynamly öňe barýan, ösýän, özgerýän jan Watanymyz Türkmenistana, mert Watan ogullaryna şöhrat bolsun! Şeýle asuda Watanda, ene toprakda ýaşamak, işlemek, öz halal zähmetiň bilen ýurduň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak biziň her birimiz üçin mukaddes borçdur. Bagtyýar raýatlarymyz üçin durmuşyň ähli ulgamlarynda döredilýän mümkinçilikler bolsa döwletimize, döwrümize, buýsanjymyzy goşalandyryp, nurana ertirlerimize ynamymyzy artdyrýar. Biz — bagtyýar ýaşlar, halkymyzy şeýle ajaýyp döwürde ýaşadýan, her bir işde bize nusgalyk görelde bolýan Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Azat MÄMEDOW,
TMÝG-nyň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň başlygy.