SPORT — GÜÝÇ-GAÝRATDYR, GÖZELLIKDIR WE SAGDYNLYKDYR

    Ýakynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Halk maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde gurnamagynda «Sport — güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar şeýle hem tmýg-niň işjeň agzalary gatnaşdylar.

    Maslahatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesiller barada döwlet derejesinde edilýän aladalar, ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar barada döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, Watanymyza, halkymyza, ajaýyp ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim we terbiýe almaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlaryň kemala gelýändigi dogrusynda buýsanç bilen çykyş etdiler.

    Dabaraly maslahatyň ahyrynda türkmen ýaşlaryna durmuşda ýol-ýörelge bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Meýlis GURDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin

habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI