Her bir güni şanly wakalara utgaşan üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy bilen Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň durmuşyny düýpgöter özgerden köpsanly işler üstünlikli durmuşa geçirildi. Biz bu hakykaty ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ýaşlar üçin döredilen giň mümkinçilikleriň mysalynda hem aýdyň görüp bilýäris. Aslynda, pederlerimiziň durmuş ýörelgelerinden hem görnüşi ýaly, ýaş nesil baradaky alada islendik döwürde-de aýratyn ähmiýete eýe bolupdyr. Bu meselä häzirki döwürde hem aýratyn orun berilýär. Ýaşlara döwrebap bilim we asylly terbiýe bermek, hakyky hünär eýeleri bolmaklaryny gazanmak, olaryň ussatlyklaryny we başarnyklaryny artdyrmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm wezipeleriniň biri bolmagynda galýar. Şonuň ýaly-da döwletimiziň hoşniýetli içeri we parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatynyň wajyp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna ýurdumyzyň öňdebaryjy, işjeň ýaşlarynyň gatnaşdyrylýandygy olara bildirilýän belent ynamdan nyşandyr. Özi-de, bilşimiz ýaly bu işler üstümizdäki ýylda has giň gerime eýe bolýar. Şanly ýylymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi hem döwletimizde ýaşlar baradaky edilýän aladanyň halkara derejesinde hem giň gollanma eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň döwletiň geljegi bolan ýaşlara aýratyn üns berip, olara uly ynam bildirmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilip, ýaşlar üçin täze mümkinçilikleriň we ýeňillikleriň döredilmegi, ÝUNESKO-nyň ýaşlar baradaky maksatnamalaryna Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynyň döwlet we halkara derejesinde dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň: «Siz bagtyýar döwürde ýaşaýarsyňyz. Siziň sagdyn ösüp, bilim almagyňyz üçin döwletimiz ähli mümkinçilikleri döredýär. Siz okamak, öwrenmek, yhlasly zähmet çekmek bilen, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende götermelisiňiz!» diýen ganatly sözlerinde ruhlanýan ýaşlar özlerine bildirilen ynamy mukaddeslik saýyp, zähmeti baýdak edinip, bar güýç-gaýratyny ata Watanymyzyň syýasy-ykdysady we medeni durmuşynyň galkynmagynyň hatyrasyna gönükdirýärler. Şonuň ýaly-da indi halkara halkara giňişligindäki dünýä ähmiýetli meselelere bagtyýar türkmen ýaşlary hem öz seslerini goşýarlar. Bu işleriň eýýäm oňyn we guwandyryjy netijelerini şanly ýylymyzyň syýasy durmuşyny bezän halkara çäreleriň, forumlaryň, maslahatlaryň mysalynda hem görýäris. Üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň döredilen gününiň çäklerinde Mary welaýatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara forum hem şeýle halkara çäreleriň biridir.
Türkmen ýaşlarynyň işjeňliginiň, täze başlangyçlarynyň diňe bir döwletimiziň çäginde däl, eýsem, halkara derejesinde giň ýollara uzamagyna şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Ýusup BABAKULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.