DÖWREBAP EKOLOGIÝA KANUNÇYLYGY.

       Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça milli kanunçylyk halkara ekologiýa kadalary bilen sazlaşykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň özi, daşky gurşawy goramagyň we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmagyň, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almagyň, azyk önümleriniň we howa gurşawynyň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün etmegiň häzirki zaman şertlerinde derwaýys wezipeleriň hatarynda durýandygy bilen baglanyşyklydyr.

       Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ekologiýa jähetleriniň ähmiýeti hormatly Prezidentimiziň ählumumy hem-de sebitleýin çäklerde daşky gurşawy goramak babatda öňe süren öňdengörüjilikli başlangyçlarynda aýdyň şöhlelenýär. Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň işjeň agzasy bolan ýurdumyzda ýaş nesillerde daşky gurşawa aýawly garamagyň, tebigata bolan söýgüni kemala getirmegiň wagyz-nesihat, guramaçylyk çäreleri asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa tebigat bilen gönüden-göni özara gatnaşykda bolmagymyz, her bir adamyň tebigata aýawly çemeleşmegiň, ondan rejeli peýdalanmagyň, ahlak we hukuk borçlaryna bolan jogapkärçiligini pugtalandyrýar.

       Adamyň daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň ahlak borjy hökmünde onuň tebigata bolan çäksiz söýgüsi, tebigy serişdelere hakyky eýeçilik gözi bilen garamagy ekologiýa medeniýetiniň kämillik derejesini kesgitleýär. Daşky gurşawy goramak borjy bolsa, adamyň tebigatda hereket etmeginiň mümkin bolan çäklerini we onda ýerine ýetirilmegi zerur bolan şertleriň kanunda kesgitlenmegidir. Tebigaty goramagyň wajyplygy taryhy tejribä esaslanýan ählumumy ykrar edilen syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynyň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagy bilen pugta baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak kanunçylygynyň halkara kadalary bilen sazlaşykly ösüşi ekologik talaplara laýyk gelýän maddy-tehniki binýadyň kemala getirilmegi dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürmäge mümkinçilik döredýär.

 

Zübeýda GURTÝAZOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI