BILIMLI ÝAŞLAR — ÝURDUMYZYŇ DAÝANJY

      Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny netijeli ulanmak, jemgyýetçiligiň intellektual kuwwatyny artdyrmak ýaly ugurlar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

      Bilimiň täze, has belent sepgitlere ýetirilmegi ýurdumyzyň tehniki-ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen köpugurly şertleriň netijeliligini hem ýokarlandyrdy. Ylym-bilimiň kämil derejede ýola goýlan ýerinde ýurt ösýär, durmuş özgerýär, eşretli ýaşaýyş höküm sürýär.

      Milli bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy ýaşlaryň başarnygyny, dünýägaraýşyny, sowatlylyk derejesini has-da artdyrdy. Innowasion tehnologiýalaryň we täze usulyýetleriň okuw işlerine ornaşdyrylmagy sapaklaryň hil derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etdi. Elektron sözlükler we ensiklopediýalar, audio we wideo materiallary özünde jemleýän multimedia okuwlary, kitaplaryň elektron neşirleri, bilim saýtlary, internet maglumatlary, bularyň bary ýaşlarymyzyň ruhy baýlygyny artdyrmaga, sagdyn düşünjä eýe bolmagyna, jemgyýetimiziň ösüşine kuwwatly itergi berdi.

      Şunda her bir ýaş nesliň birnäçe daşary ýurt dillerini gowy bilmegi esasy talap bolup durýar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda daşary ýurt dilleriniň ençemesi boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Türkmen dilini çuň özleşdirmegiň zerurlygy bolsa has-da ýiti duýulýar. Çünki ene diliňi çuň özleşdirmegiň özi daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ilkinji şerti. Türkmen dili dünýäde söz goruna örän baý dilleriň hatarynda durýar.

      Häzirki wagtda islendik mekdebe barsaň hem, okamaga bilmäge, dilleri öwrenmäge höwesli ýaşlarymyzy göreniňde, göwnüň göterilýär, ýurdumyzda bu ugurda döredilen mümkinçiliklere bolan buýsanjyň artýar. Birnäçe daşary ýurt dillerini suwara bilýän ýokary bilimli hünärmenler häzirki wagtda döwletimiziň milli bähbitlerine wekilçilik edýärler. Berkarar Diýarymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, aýratyn hem, ýaş nesil üçin amal edýän beýik işleri üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys.

 

Ýakubmyrat GURBANDURDYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen

milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.

«Mugallymlar» gazeti.

22.11.2023 ý.

Meňzeş habarlar