DÖWREBAP BILIM OJAGY

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz ösüşli ýollarda ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek bilen baglylykda, giň gözýetimli, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan kämil baş çykarýan zehinli ýaşlary kemala getirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigini häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ylmy-tehnologik enjamlary we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen bilim ojagy bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň mysalynda hem görmek bolýar. Bu mekdep ýurdumyzyň ähli bilim işgärleri üçin usuly merkez hökmünde hereket edýär. Mekdebimiziň owadan binasyna giren ýeriňde hormatly mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň «Dowamat dowam bolsun... Nesiller bagtyýar durmuşda ýaşasyn!» diýen pähimli sözleri ýazylan heýkeli nesilleri milli ýörelgelere laýyklykda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

      Häzirki Yzgant şäherçesi gadymy obalaryň biri bolup, onda 2009-njy ýylda Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän 27-nji orta mekdep gurlup, hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly aganyň ak pata bermegi bilen ulanylmaga berildi. Mekdep üç gatly bolup, ol 400 okuwça niýetlenendir. Bu mekdebiň binasynyň içinde suw howzy, uly sport zaly we howlusynda sport meýdançalarynyň ikisi hereket edýär.

      Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde 2022—2023-nji okuw ýylynda esger, mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän 27-nji orta mekdebiň tutuşlaýyn durky täzelendi. Mekdep binasynyň döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen giň we ýagty otaglarynyň bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bilim ojagynda okuw otaglarynyň 36-sy, tejribe otaglarynyň 10-sy bar. Ýöriteleşdirilen otaglarda daşary ýurt dillerini öwrenmek, informatika, himiýa, biologiýa, geografiýa, fizika we beýleki okuw dersleri üçin iň kämil, häzirki zaman kompýuterler, multimedia-interaktiw, lingafon enjamlarynyň ornaşdyrylmagy okuwlary döwrebap derejede guramaga mümkinçilik berýär.

      Bu bilim ojagynyň ýene-de bir aýratynlygy bolsa mekdep muzeýidir. Zenanlaryň el işleriniň nusgasy, gündelik durmuşda ulanylýan hojalyk esbaplary, magaryfda yz galdyran halypalaryň suratlary, ussalaryň ekerançylyga we maldarçylyga degişli ýasan önümleri muzeýiň bezegi bolup durýar. Bu muzeýiň içindäki gymmatlyklar Yzgant şäherçesiniň agzybir ilatynyň bilelikdäki tagallalarynyň netijesinde toplandy.

      Hormatly ynsanyň adyny göterýän bu mekdepde tejribeli mugallymlaryň birnäçesi yhlasly zähmet çekýär. Olar halypa mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň öwüt-ündewlerini durmuşa geçirmekde, kämil nesilleri ýetişdirmekde yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.

      Täze okuw ýylyndan döwrebap mekdebiň maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdepleriň hatarynda hereket etmegi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

      Kiberhowpsuzlyk — bu kompýuterleri, elektron ulgamlary, torlary we maglumatlary zyýanly hüjümlerden goramak üçin usullaryň we amallaryň ýygyndysydyr. Mekdebiň informatika mugallymlary ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan kämil baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin netijeli işleri alyp barýarlar.

      Mälim bolşy ýaly, şu okuw ýylyndan hünär ugurly okuwlar girizildi. Mekdebimizde «Kompýuter sowatlylygynyň esaslary» ugur saýlanyp alyndy. Saýlanyp alnan ugur boýunça okuwlary geçmäge ähli mümkinçilikler döredildi. Kompýuter tehnologiýasy XXI asyrda gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegidir. Häzirki wagtda kompýuter sowatlylygy umumy bilimliligiň hökmany bölegi bolup durýar.

      Döwrebap synp otaglarynyň biri robot tehnologiýalarynyň iň kämil görnüşleri, ýagny Laserbox Pro EU Standard, 3D printer MOOZ-2 PLUS, Ultimate Robot Kit V2.0, mBot Ranger Robot Kit, mTiny Discover Kit, Codey Rocky hem-de beýleki döwrebap robot tehnikasy bilen üpjün edilendir. Mekdep okuwçylary robot tehnikasy bilen içgin gyzyklanýarlar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) guramagynda geçirilen robot tehnikasy bäsleşigine mekdebimiziň zehinli okuwçylary gatnaşyp, bu bäsleşikde ýeňiji bolmagy başardylar we ÝUNISEF-iň sertifikatlaryna hem-de gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp boldular.

      Bilim işgärleriniň, mugallymlaryň esasy borjumyz sanly ulgamdan oňat baş çykaryp bilýän, eziz Diýarymyzy has-da ösdürjek kämil nesli ýetişdirmekden ybaratdyr. Şeýle asylly maksada ýetmekde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bize giň mümkinçilikler döredilen. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin yhlasymyzy gaýgyrmajakdygymyzy ynandyrýarys.

 

 

Ogulşat DURDYÝEWA,

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň müdiri.

«Mugallymlar» gazeti.

21.11.2023 ý.

Meňzeş habarlar