Geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri möhüm ugurlaryň biridir. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) kabul edilmegi döwrümiziň iň möhüm ädimleriniň biridir.
Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaşlaryň päk terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär. Okumyş, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, biziň her birimiziň asylly maksadymyzdyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň döredijilik maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Ýaşlar eziz Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda netijeli zähmet çekýärler. Telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşlara goldaw bermek hem-de olary bu işe höweslendirmek ugrunda ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän uly möçberli düzümleýin taslamalar, talyp ýaşlardyr ýaş hünärmenler üçin özboluşly synag merkezi, kämilligiň binýady bolup durýar.
Jemgyýetimiziň ösüşiniň häzirki tapgyrynda halkymyzyň däp-dessurlaryny aýamak we dikeltmek, ruhy baýlygymyzy artdyrmak meselesine üns berilýär. Eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň milletimiziň baý taryhy-medeni mirasyna bolan gyzyklanmalary, guwanjy we buýsanjy döretmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenilýär. Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda ýaş nesli terbiýelemekde dünýä nusgalyk däpleri we ýörelgeleri döredipdir. Olar nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize ýetirilipdir. Zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, tertiplilik, dostanalyk, ünslülik, tebigata, daşky gurşawa aýawlylyk, jogapkärçilik ýaşlarda irki döwürlerden kemala getirilýän häsiýetlerdir. Çagalyk döwründe alnan päk terbiýe şahsyýetiň kemala gelmeginiň hem-de doly derejede, döredijilikli durmuşynyň pugta binýady bolup durýar.Ýaşlaryň syýasy, ykdysady we medeni gözýetimlerini giňeltmegiň, olary ylma-bilime höweslendirmegiň möhüm ähmiýeti bardyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikleri döredýär. Beýik işleri durmuşa geçirýän we ýurdumyzy ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Myrat BATYRJANOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymy.
«Mugallymlar» gazeti.
29.11.2023 ý.