Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýmek bilen, ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda kämilleşdirmegiň, ýaş nesillere döwrebap bilim, terbiýe bermegiň zerurdygyny yzygiderli nygtaýar. Döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, türkmen ýaşlary hem halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny belende götermäge mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Bu babatda diňe soňky ýyllarda paýtagtymyzyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň gazanan üstünlikleriniň mysalynda-da anyk gürrüň etmek mümkin.
Geçen okuw ýylynda Aşgabat şäheriniň mekdep okuwçylarynyň okuw dersleri boýunça geçirilen halkara ders, taslama bäsleşiklerinde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş etmekleri bizi örän begendirýär. Diňe şäherimizdäki ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň okuwçylary 2022-2023-nji okuw ýylynda halkara olimpiadalarda jemi medallaryň 40-dan gowragyny gazanmagy başardylar. Olaryň bu üstünliginde mugallymlarymyzyň hem uly paýy bardyr. Biz bu günki gün Arkadagly Serdarymyzyň: «Siz milli ýörelgelerimizi we halypa-şägirtlik ýolumyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, mukaddes käriňiziň abraýyny, ýurdumyzyň bilim kuwwatyny has-da artdyrmalysyňyz. Ylmyň-bilimiň we tejribäniň çuňňur arabaglanyşygyny üpjün edýän okatmagyň täze usullaryny işläp düzmelisiňiz. Sowatly, watansöýüji nesilleri kemala getirip, täzeçil hem-de döwrebap çemeleşmeleriňiz bilen ýokary netijeleri gazanmalysyňyz» diýen sözlerinden ruhlanyp, döredijilikli zähmet çekýäris.
Ýeri gelende bellesek, mekdebimizde okuwçylary halkara bäsleşiklere taýýarlamak işinde oňyn tejribeler toplandy. Munuň üçin ýörite merkez döredilip, işler bellenen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Merkezde, ilki bilen, okuw dersleri boýunça jogapkär mugallymlar berkidilip, olar degişli synaglary geçirýärler we ýokary netije görkezen okuwçylary bäsleşiklere taýýarlamak üçin saýlap alýarlar. Şunda halkara olimpiadalar üçin innowasion maglumat tehnologiýalary bilen üpjün edilen otaglaryň döredilip, olarda her bir okuwçynyň aýratyn taýýarlyk görmegi üçin şert döredilýändigini hem bellemek gerek. Soňky iki ýyl bäri iri olimpiadalarda ýurdumyza wekilçilik edýän okuwçylaryň aglabasynyň Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň garamagyna degişli mekdepleriň okuwçylarydyklary, şolaryň arasynda-da iňlis dili dersi çuňlaşdyrylyp öwredilýän 135-nji orta mekdepde okaýan ýetginjekleriň aýratyn tapawutlanmaklary biziň bu ugurda alyp barýan işlerimiziň öz mynasyp miwelerini eçilýändigini görkezýär. Halkara bäsleşiklerde ýeňiji bolan okuwçylara Baş bilim müdirliginiň diplomlarydyr Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň sowgatlarynyň gowşurylmagy bolsa olaryň bilime höwesini has-da artdyryp, ýeneki üstünliklere ruhlandyrýar. Munuň özi şeýle zehinli ýetginjeklerimiziň hataryndan orun almak isleýän beýleki okuwçylaryň gyzyklanmalaryny artdyrmakda-da möhüm ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzda okuwçylarymyzyň dünýäniň çar künjeginde geçirilýän dürli ders we taslama bäsleşiklerine, olimpiadalara gatnaşmaklaryny gazanmak üçin resmi iş kagyzlaryny taýýarlamakdan başlap, maddy taýdan goldawa çenli ähli işleri bökdençsiz ýerine ýetirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleriniň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändiginiň, ýaşlarymyza uly ynam bildirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Nesip bolsa, üstümizdäki okuw ýylynda-da zehinli mekdep okuwçylarymyzyň abraýly halkara bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýurdumyzyň abraýyna abraý goşjakdyklaryna tüýs ýürekden ynanýarys. Çünki Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, ylym-bilim bilen Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir.
Hudaýberdi BAÝEW,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen
135-nji orta mekdebiň müdiri.
«Mugallymlar» gazeti 27.11.2023ý.