BAŞLANGYÇ BILIMIŇ BINÝADY

       Geljegimiz bolan çagalar ilkinji terbiýäni maşgalada alýarlar. Şonuň ýaly-da çagalara başlangyç bilim bermek işleri bakja-bagynda başlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp barýan nesil uly üns-alada bilen gurşalyp, olaryň bilimli, giň dünägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi ugrunda uly tagalla edilýär. Munuň şeýledigini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenmäge ukyply nesil döwletiň hem, milletiň hem geljegi hasaplanýar» diýen sözleri aýdyň görkezýär.

       Häzirki wagtda döwür bilen deň gadam urjak bolsaň, yzygiderli kämilleşip durmaly. Bu ýaş nesle bilim-terbiýe berýän mugallymlardyr terbiýeçiler babatda-da şeýle. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Milli Bilim instituty tarapyndan hünär kämilleşdiriş okuwlary yzygiderli geçirilýär. Ýokarda atlary agzalan edaralar tarapyndan Aşgabat şäherindäki 29-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri şeýle okuwlar guralýar. Guralýan okuw sapaklaryna mugallymlardyr terbiýeçiler işjeňlik bilen gatnaşýar. Geçilýän sapaklarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işiniň we körpelere berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmagyň dürli usullary öwrenilip, hünär ussatlyklaryny has-da kämilleşdirilýär. Munuň özi diýseň ähmiýetlidir. Okatmagyň täzeçe kämil usulyndan peýdalanyp geçirilýän okuw sapaklarynda çaganyň tebigy zehini dürli-dürli usullar arkaly açylyp görkezilýär. Başlangyç bilimi bermekde çagalar bagynyň alyp barýan işleri täzelikleri ýygy-ýygydan talap edýär. Muňa gowy düşünýän mugallymlardyr terbiýeçiler işlerini döwrüň ösüşi bilen baglanyşykly alyp barmaga täzeçe çemeleşýärler.

       Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyndaky tagallalarynyň netijesinde, bilim we terbiýeçilik işlerinde çaganyň irki ösüşinden başlap, mekdebe taýýarlygyny döwrüň talabyna görä ösdürmekde, kämilleşdirmekde gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

 

Ýalpyl MYRADOWA,

Aşgabat şäherindäki 158-nji çagalar bagynyň müdiri,

Türkmenistanyň ussat mugallymy.

 

«Mugallymlar» gazeti, 02.12.2023ý.

Meňzeş habarlar