Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we many-mazmunyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, daşary ýurt dillerini öwredýän ussat mugallymlary, zehinli terjimeçileri taýýarlamak babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýöriteleşen ýokary okuw mekdebi bolup, onda ýaşlara dil öwretmek işi häzirki döwrüň tejribesine laýyklykda ýola goýulýar.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Men köp dil bilmek syýasatynyň ýurdumyzda barha rowaçlanýandygyna örän begenýärin» diýen sözlerini çelgi edip, institutda ýaşlara dünýä dillerini öwretmekde öňdebaryjy usullardan işjeň peýdalanylýar. Bu ýerde iňlis, rus, nemes, fransuz, ispan, italýan, arap, pars, türk, hindi, hytaý, koreý, ýapon dilleri bilen bir hatarda, türkmen dili we edebiýaty boýunça-da hünärmenler taýýarlanylýar. Baş maksady dünýäniň zähmet bazarynyň talaplaryny ödeýän, bäsdeşlige we innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, ýokary hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybarat bolan bilim ojagymyzda bu ugurda alnyp barylýan meýilnamalaýyn işler öz oňyn netijelerini hem berýär.
Dil islendik halkyň ruhy dünýäsini, medeniýetini açyp görkezýän milli gymmatlykdyr. Şoňa görä-de, talyplar dil öwrenmek bilen birlikde, şol ýurduň taryhyny, däp-dessurlaryny, edebiýatyny, medeniýetini, sungatyny, ruhy gymmatlyklaryny-da içgin öwrenýärler. Institutda geçirilýän dil hepdelikleri, onlaýn maslahatlar, duşuşyklar, festiwallar, sergiler talyplaryň öz hünär dilleri we dünýä halklarynyň milli aýratynlyklary bilen has ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik berýär. Nazaryýetde alnan bilimleri amalyýetde berkitmek üçin ähli şertler döredilip, şunda bu ýerde daşary ýurtly mugallymlaryň zähmet çekmekleri, talyplaryň öz hünär dillerini şol diliň wekillerinden öwrenmekleri olaryň degişli hünäriň inçe syrlaryny içgin özleşdirmeklerine uly ýardam edýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda umumybilim berýän orta mekdeplerde daşary ýurt dillerini okatmagy döwrebap derejä çykarmak, mekdep okuwçylarynyň ukyp-başarnyklaryny açmak hem-de olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, aprel aýynda Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriň rus dilinde okadylýan 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda rus dilinde 5 ugur boýunça, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdepleriň hem gutardyş ýyl okuwçylarynyň arasynda iňlis dilinde «Diňleme we sözleýiş», «Spelling bee», «Scrabble», «Brain ring», «Ugurtapyjy dilewar» ýaly döredijilik bäsleşikleri, II halkara internet olimpiadasy, ýurdumyzyň mugallymçylyk we lukmançylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dili boýunça I internet olimpiadasy geçirildi. Talyplarymyz milli derejedäki ders bäsleşiklerine, halkara olimpiadalara işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şunda şu ýylyň aprel aýynda Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň guramagynda geçirilen «Lomonosow — 2023» atly halkara uniwersiadanyň «Lingwistika, ülkäni öwreniş we medeniýeti öwreniş» ugry boýunça jemleýji tapgyryna gatnaşan talyplarymyzyň ýokary netije görkezendikleri hem bellärliklidir.
Ýaş alymlar merkeziniň başlangyjy, professor-mugallymlarymyzyň we talyplarymyzyň bilelikdäki tagallalary bilen, institutda «Magtymguly dünýäsi» atly elektron goşundy döredildi. Ýokary okuw mekdebimiz halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldip, Özbegistanyň Döwlet dünýä dilleri uniwersiteti, Gazagystanyň Abylaý han adyndaky Halkara gatnaşyklary we dünýä dilleri uniwersiteti, Maşadyň Ferdöwsi adyndaky uniwersiteti, Germaniýanyň Martin Lýuter adyndaky uniwersiteti, Koreýa Respublikasynyň Hankuk uniwersiteti, Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti ýaly abraýly bilim ojaklary bilen ylym-bilim babatda ýakyn gatnaşyklary saklaýar. Institutyň professor-mugallymlary Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen umumybilim berýän orta mekdepler bilen hem bilelikde işleşip, olarda zähmet çekýän daşary ýurt dili mugallymlaryna usuly maslahatlary berýärler. Şeýle-de mekdep okuwçylarynyň institutda geçirilýän medeni aň-bilim çärelerine işjeň gatnaşmaklary gazanylýar.
Talyplaryň wagtyny netijeli peýdalanmaklary üçin, institutda «Kämillik mekdebi», «Altyn miras» gurnaklary, «Parahatçylygyň dilleri» atly ÝUNESKO kluby, çeper eller, sport, ylmy, döredijilik ugurly gurnaklar işleýär. Olaryň zehinli agzalary ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerinde mynasyp orunlary eýeleýärler.
Ýeri gelende bellesek, «Parahatçylygyň dilleri» atly ÝUNESKO kluby ýurdumyzda şu ugurda açylan ilkinji klubdur. Ol Türkmenistanyň BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzümi bilen hyzmatdaşlygynda gazanýan üstünliklerini, barha rowaçlanýan gatnaşyklaryny dünýä dillerinde wagyz edýär. Şeýle-de onuň çäginde ÝUNESKO-nyň degişli resminamalary, konwensiýalary, milli gymmatlyklarymyz we baýramçylyklarymyz, guramanyň abraýly sanawlaryna girizmek üçin taýýarlanylýan köptaraplaýyn hödürnamalar barada ýaşlaryň sowatlylygyny artdyrmak üçin ýurt derejesinde onlaýn maslahatlar, aň-paýhas bäsleşikleri, festiwallar guralýar.
Dürli dillerde ukyp-başarnyklaryny, endiklerini görkezmäge çalyşmak ýaşlardan ýiti zehini, düýpli bilimleri, uly jogapkärçiligi talap edýär. Şoňa görä-de, talyplarymyzyň halypa mugallymlaryň ýardam bermeginde uly höwes bilen gatnaşýan dil hepdelikleri örän gyzykly geçýär. Dünýä belli şahyrlaryň goşgulary, ýazyjylaryň çeper eserleri hepdelikleriň dowamynda daşary ýurt dillerinde joşgunly ýaňlanýar. Guralýan sergiler hem tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrýar. Şeýle çäreler talyplarda döredijilik ylhamyny oýarmaga, olaryň saýlap alan hünärine söýgüsini artdyrmaga ýardam berýär.
Watanymyzyň beýik ösüşlerini bilim, ylym ulgamlary bilen baglanyşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlarymyzy kämil hünärmenler edip ýetişdirmek babatdaky taýsyz tagallalaryna jogap edip, institutymyzyň professor-mugallymlary geljekde-de tutanýerli zähmet çekmek bilen, öňde goýlan derwaýys wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmäge öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.
Maksat ÇARYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyň rektory.
«Mugallymlar» gazeti, 02.12.2023ý.