IŇLIS DILI SAPAGYNY TÄSIRLI GURAMAK

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bilim we ylym ulgamynda düýpli özgerişlikler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda okatmagyň iň kämil usullary, döwrebap ugurlary durmuşa geçirilýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. Şonuň üçin hem sapakda kompýuter enjamlary, multimedia tehnologiýalary giňden peýdalanylýar. Munuň özi usulyýetiň döwrebap görnüşi bolmak bilen bir hatarda, okuwçylaryň bilime bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Netijede, okuwçylar bilimleri tiz özleşdirip guralýan sapaklara oňat düşünýärler.

       Daşary ýurt dilleri okadylanda okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň iňlis diline bolan söz baýlygyny gazanmak mugallymlaryň baş maksadydyr.

       Bellenilişi ýaly, innowasiýa tehnologiýalary daşary ýurt dilini we edebiýatyny öwretmegiň esasy maksatlaryny, bilim we aň-bilim işjeňligi, ösdürijilik we döredijilik derejesini durmuşa geçirmek mümkinçiligini berýär. Sapakda okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek üçin geljegi uly metodiki usullaryň ulanylmagy işiň netijesine oňyn täsir edýär. Bu usullar iňlis dili sapaklarynda hem işjeň peýdalanylýar. Lingafon otaglarynda audio ýazgylary okuwçylara diňletmek olaryň söz baýlyklarynyň ösmegine oňyn täsir edýär. Şeýle hem iňlis dilindäki sözleriň orfoepiýasyny — dilde beýan edilişini, äheňini öwretmäge mümkinçilik döredýär. Audio ýazgylaryny diňletmek usullaryny utgaşykly, sazlaşykly alyp barmak maksadalaýyk hasap edilýär.

       Okuwçy, ilki bilen, sözleri kitapdan okamaly, onuň manysyna düşünmeli. Diňe şondan soňra lingafon otaglarynda audio ýazgylary diňletmek bolýar. Bu audio ýazgylar tejribe sapaklaryň görnüşinde amala aşyrylýar. Sebäbi, okuwçy kitapdan okan sözleriniň nähili aýdylýandygyny, äheňini öwrenýär, sözleri beýan etmäge synanyşýar. Şeýle hem olaryň akyl işjeňligini, okamak bilen tanyşmak, bilesigelijiligini ösdürmek, gözýetimini giňeltmek, başarnyklaryny artdyrmak arkaly döredijilik ukyplary ösdürilýär. Mekdep okuwçylary köp mukdarda maglumat, gözleg ukyplary we aragatnaşyk endikleri (toparlarda işlemek) bilen işlemek ýaly endikleri ele alýar.

       Topar bilen işlemek ýörelgesi sapaklarda we daşarda özara gatnaşyklara, sapakda okuwçylaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy üpjün etmäge, mugallym bilen okuwçylaryň arasynda ynamy artdyrmaga, birek-birege hormat goýmagy borçlandyrmaga we okuwçylary çärelere işjeň çekmäge ýardam edýär. Adaty we innowasion okatmagyň usullary yzygiderli baglanyşykda bolmaly. Okuwda innowasion çemeleşme okuwçynyň sapaga bolan höwesiniň artmagyna mümkinçilik berýär.

       Daşary ýurt dilini okatmagyň häzirki zaman talaplarynyň biri hem tekst bilen işlemekdir. Şunuň bilen baglylykda, sapakda häzirki zaman usullary ulanmak özüniň oňat netijelerini berýär. Bu usulda esasy wezipe tekstlere esaslanýan dil materiallaryny öwrenmek göz öňünde tutulýar. Şeýle sapaga taýýarlanylanda teksti saýlamaga aýratyn üns berilmelidir. Tekst çeper bolmaly, okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryny hem-de öwrenilen materialyň göwrümini göz öňünde tutmalydyr. Soňra deňeşdirme we deňeşdirme derňewi geçirmek üçin umumy tema bilen birleşdirilen dürli awtorlaryň tekstlerini, dürli söz görnüşleriniň tekstlerini derňew üçin ulanmak ýerlikli bolýar. Şeýle sapakda mugallym edebi tekstiň dilini öwretmek bilen birlikde, şahyrana eseri hem okuwçylaryň aňyna ýetirýär. Esasy zat, sapagyň özüne çekiji bolmagy okuwçylarda işlemek, öwrenmek isleginiň artmagyna täsir edýär. Şonuň üçin hem okatmagyň häzirki zaman tejribeleriniň öwrenilmegi okuw işinde ýerlikli ulanylmagy döwrüň talaby bolup durýar.

       Sapagyň dowamynda okuwçylar bilen sowal-jogap alyşmak, iňlis dilindäki gyzyklanmalaryny ösdürmekde oňat netije berýär. Bu usul okuwçylaryň sapaga bolan gyzyklanmasyny artdyrmak bilen bir hatarda, öýe berlen ýumşy ýerine ýetirmeklerine ýardam edýär. Şeýle hem sapaga işjeň gatnaşan okuwçylar bahalandyrylýar.

 

Akja MUSAÝEWA,

Aşgabat şäherindäki maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 81-nji orta mekdebiň mugallymy.

 

«Mugallymlar» gazeti 06.12.2023ý.

Meňzeş habarlar