DIL — RUHY HAZYNA

       Dil adamzat aragatnaşygynyň serişdesi bolup, ynsanlaryň durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Şonuň üçin hem islendik adama ene dilini has çuňňur bilmek zerurlygy ýüze çykýar. Her bir ynsanyň ene dilinden başga-da, birnäçe dili öwrenmäge ukyby bar. Görşümiz ýaly, dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary-da dilden başlanýar. Daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegi ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ösüşlerini dünýä ýüzüne ýaýmakda, halklaryň ruhy we medeni gymmatlyklary bilen tanyşmakda möhüm orun eýeleýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň bilim öwrenmeklerine, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagynda, gözýetimini giňeltmekde, zehinini ýüze çykarmakda, köp dil öwrenmekde ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigi ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Dünýä halklarynyň dillerini öwrenmek arkaly şol halkyň medeniýetine, taryhyna, dessurlaryna içgin aralaşyp bolýar.

       Ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagy dünýä giňişligine goşulyşmagyny, bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegini talap edýär. Häzirki ählumumy dünýä ykdysadyýeti şertlerinde, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegi netijesinde ähli hünärmenleriň daşary ýurt dilini öwrenmegi ösen döwrüň talaplarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa daşary ýurtly hünärmenler bilen hünär taýdan özara gatnaşyklary alyp barmakda möhüm ähmiýete eýedir.

       Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini kämil derejede bilmekleri üçin döwlet tarapyndan zerur şertler döredilýär. Ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde olaryň dünýä dillerini suwara bilmekleri zerurdyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň öz ene dilinden başga-da, daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmelidiklerini nygtaýarlar. Soňky döwürde ýurdumyzda rus, iňlis, fransuz, nemes, ýapon, hytaý we beýleki diller çuňňur öwrenilýär. Milli bilim ulgamynda okatmagyň usulyýeti kamilleşdirilýär we sanly tehnologiýalaryň we multimedia serişdeleriniň ornaşdyrylmagy bilen daşary ýurt dillerini öwretmekde täze mümkinçilikler açyldy. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda elektron kitaplar, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ýaly okatmagyň sanly serişdeleri, uzak aralykdan okatmagyň usullary giňden ornaşdyrylýar.

       «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmak boýunça dürli çäreler geçirilýär. Daşary ýurt dillerini ýokary hilli okatmak arkaly ýaşlaryň zehini taplanýar, dil babatdaky taýýarlygy ýüze çykarylýar we olaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ýokary we orta mekdeplerinde köp işler alnyp barylýar. Dil merkezlerinde ýaşlaryň we dil öwrenmek isleýänleriň türkmen hem-de daşary ýurt dillerini kämil özleşdirmekleri üçin degişli çäreler geçirilýär.

       Dünýä dillerini kämil öwrenmek uly ähmiýete eýedir. Dünýä dillerinde halkymyzy, Watanymyzy, milli medeniýetimizi wasp etmek kämillikden alamatdyr. Ýaş nesilleriň kämil ylymly-bilimli, daşary ýurt dillerini gowy bilýän, ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmaga ukyply hünärmenler bolup ýetişmeklerinde ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

 

Jahan SAPAROWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy

«Mugallymlar» gazeti, 11.12.2023ý.

Meňzeş habarlar