Hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýurdumyzda sporty ösdürmek ugrunda ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän sport toplumlary her bir ýaş nesliň sagdyn bedenli bolmagy üçin örän ähmiýetlidir.
Ýurdumyzda sport diplomatiýasyna aýratyn üns berilýär. Älem giňişliginde türkmen sportunyň diplomatik ugry kemala gelýär we onuň mümkinçilikleri artdyrylýar. Ýaňy-ýakynda gelip gowşan hoş habar biziň her birimiziň buýsanjymyzy has-da artdyrdy. BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyndan (ÝUNESKO) gelip gowşan hoş habarda Türkmenistanyň 2023-2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanandygy barada aýdylýar. Munuň özi, türkmen sportunyň dünýäde ykrar edilýändiginiň, halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Umyt BAÝRAMALYÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy,
TMÝG-niň işjeň agzasy.