BILIMLI ÝAŞLARA BUÝSANÇ

     Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.

     Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda durmuşa geçirilen beýik işleriň her biri halkymyzyň eşretli şu gününi, röwşen geljegini üpjün edýär.

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda uly-uly üstünlikler gazanyldy, ýurdumyz guwandyryjy ösüşlere beslendi. Şeýle beýik ösüşleri, belent üstünlikleri bilim ulgamynda hem aýdyň görmek bolýar. Milli bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmeleriň netijesinde ýaşlarymyz döwlet hem halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Munuň özi milli bilim ulgamymyzyň döwrebap ösdürilýändigini, halkara derejede oňat netije berýändigini aýdyň beýan edýär. Bularyň hemmesi ýüreklerde buýsanç döredýär, bagtyýar ýaşlarymyza beýik ynamymyzy berkidýär.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara bilim öwretmek, ylym-bilimi ösdürmek möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýaşlara bilim-terbiýe bermekde döwrebap innowasiýalary we sanly tehnologiýalary ulanmak esasy ugurlaryň biridir. Şeýle hem türkmen ýaşlaryny millilik ruhunda terbiýelemekde milli ýörelgelerimiziň, milli mirasymyzyň ajaýyp nusgalarynyň giňden peýdalanylmagynyň möhüm ähmiýetini aýratyn nygtamak gerek. Munuň özi milletimiziň nesil dowamatynyň arassa akabasyny, milliligimizi gorap saklamaga gönükdirilendir. Şol bir wagtda ýurdumyzda döwrebap ösen tehnologiýalaryň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýandygy-da aýdyň hakykatdyr. Muny «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigi-de aýdyň görkezýär.

     Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil, Watana we il-halkymyza wepaly, milli medeni we ruhy-ahlak ýörelgelerimize ygrarly bolup ýetişmeklerini gazanmakda her birimiz aladalanmalydyrys. Munuň özi jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini, röwşen geljegimizi kemala getirýär. Şonuň üçin hem häzirki zaman ylym-bilimlerinden we tehnologiýalardan baş çykarýan, sagdyn, ruhubelent we kämil ýaşlaryň kemala gelmeginde ähli mümkinçilikler döredilýär.

     Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösüşi üpjün edilýär. Munuň özi eziz Watanymyza we hormatly Prezidentimize buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek ugrunda durmuşa geçirýän özgertmeleri halkymyzyň bolelin we asuda-parahat durmuşyny üpjün etmäge, ylaýta-da ýaş nesillerimiz üçin bagtyýar geljegiň berk binýadyny döretmäge gönükdirilendir. Goý, ýaş neslimiz üçin bagtyýar, nurana durmuşy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri üstünliklere beslensin!

 

 

Aknabat SOLTANOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we

gaz uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.

 

«Mugallymlar» gazeti,

12.12.2023 ý.

Meňzeş habarlar