Ata Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize çyn ýürekden wepaly, ruhubelent, giň gözýetimli, kämil bilimli, anyk maksatly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipeleriň biridir. Çünki, ýaş nesle berilýän bilim jemgyýetimiziň we döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk binýatdyr. Şoňa laýyklykda hormatly Prezidentimiz bilimiň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy üçin dünýä tejribesine esaslanyp, daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegine hem aýratyn üns berilýär.
Ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn bilimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ogulgurban GARJANOWA,
Baýramaly şäherindäki 1-nji orta mekdebiň müdiri,
ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.