BILIMLI NESILLER – ÝURDUŇ GELJEGI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge örän uly ähmiýet berýär. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurduň geljegi bolan ýaşlar hakynda taýsyz tagallalary edýändigini görkezýär. Umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-nji synp okuwçylaryna her ýyl hormatly Prezidentimiziň adyndan öz ýurdumyzda öndürilen öwrediji kompýuterleriň sowgat berilmegi körpeleriň kiçilikden giň düşünjeli, sowatly, häzirki zaman tehnologiýalaryna ussatlyk bilen erk edip bilýän adamlar bolup ýetişip, ata Watanymyza, il-günümize bähbitli uly işleri amala aşyrmagyny nazarlaýan belent maksatlardan gözbaş alýar.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, döwrebap bilim bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda mekdebiň başlangyç synplarynda hem çagalara sowat öwretmek, ene dillerine söýgi döretmek, milli ruhda terbiýelemek ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Esasan hem çagalaryň dünýä dillerini öwrenmäge bolan höwesleri ene dilini kämil bilmeklerinden, söz baýlyklaryna düşünmeklerinden gözbaş alýar.

     Şonuň üçin hem ilkinji sowat öwredilende hem çagalaryň diňe harplary bilmeklerini gazanmak däl-de, eýsem labyzly okamak başarnyklaryny ösdürmek hem gerekdir. Esasan hem labyzly okamagy öwrenenlerinde olarda kitap okamak höwesini döretmek möhümdir. Olar özbaşdak ertekileri okamagy endik edinmelidirler. Munuň üçin mugallymyň hem höweslendirmegi, ertekileri aýdyp bermegi we ertekili kitaplar hakynda düşünje bermegi möhümdir. Özbaşdak geçilýän sapaklarda çagalara ertekiler we kitaplar hakynda düşünje bermek bolar.

     Ýaş nesillerimiziň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda ene dilimiziň we dünýä dilleriniň orny uly bolup durýar. Çaganyň sagdyn pikirlenmeginde ilki bilen ene dilini kämil, many-mazmunly bilmegi esasy şertleriň biridir. Şeýle hem ylym-bilimi özleşdirmek, dünýäniň ylym giňişligine aralaşmak üçin daşary ýurt dillerini bilmek zerurlygy ýüze çykýar. Ynha, şu aýdylanlardan görnüşi ýaly, dil bilmek kämilligiň gözbaşy hasaplanýar. Şol sebäpli hem bellenilişi ýaly çagada ene diline söýgi döretmek bilimiň ilkinji binýady bolup durýar.

     Dil aragatnaşygyň möhüm serişdesi hasaplanýar. Şonuň üçin hem ýaş nesilleriň dil baýlyklaryny ösdürmek baş maksat bolmalydyr. Munuň özi gepleşikde, pikir alyşmalarda diliň hyzmatynyň uludygy barada düşünjäni okuwçylaryň aňyna guýmakdyr. Şeýle terbiýede terbiýelenen okuwçylar ýokary synplarda sözleýiş medeniýetine oňat düşünerler. Sözleýiş we sözleýiş medeniýeti adamlaryň baý düşünjesiniň bardygyny hem görkezýär. Şonuň üçin hem okuwçylara ene dili sapagynda sowat öwretmek bilen bir hatarda okaýan sözlerine ünsli bolmagy öwretmek mugallymlaryň esasy wezipesidir.

     Mugallymyň esasy okadyş aýratynlyklarynyň biri hem her bir okuwçynyň başarnygyny öwrenmek we ýaşlaryna görä sapaklary guramak bolýar. Ýaş aýratynlyklaryna görä meseleleri düzmek ýa-da suratlar bilen işlemek, olaryň hemmesini ösen tehnologiýalarda okuwçylara ýetirmek mugallymyň tejribesine bagly bolup durýar. Bulardan başga-da, dilçi alymlaryň bellemegine görä, ene diline esaslanýan dil öwretmek tejribesi oňat netijesini berýär. Şunda okuwçylarda ene diliniň baýlyklaryna we dünýä dillerine söýgüsi has-da artýar. Bu bolsa olaryň has-da dil öwrenmäge bolan höwesini ýokarlandyrar.

     Ylym-bilim bir düýpsüz umman mysalydyr. Şol ummanda batyrgaýlyk hem erjellik bilen gulaçlap, adamzada ýagty ýol görkezýän we oňa gowy ýaşaýşy bagyş edýän ylym-bilim hazynasyndan ýetdik paýyny alýan, geljegine ynamly türkmen ýaşlaryny göreniňde guwanýarsyň, buýsanýarsyň. Olaryň dürli ylym-bilim bäsleşiklerinde, halkara internet olimpiadalarynda gazanýan üstünlikleri bolsa buýsanjyňy has-da artdyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleriniň, ýylsaýyn gülleýän, gül açýan bilim daragtynyň ajaýyp miweleridir.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlary ylymly-bilimli edip terbiýelemäge giň mümkinçilikler döredilýär. Biz bilim işgärlerine işlemäge, döretmäge şeýle giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

 

Mübärek KADYROWA,

Çärjew etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň

başlangyç synp mugallymy.

 

«Mugallymlar» gazeti,

20.12.2023 ý.

Meňzeş habarlar