YLYM — ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ösýär, ýaş alymlaryň täze nesli kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmekleri, olaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin ýaşlar dünýäniň ylmy gazananlaryny özleşdirip, dünýä dillerindäki ylmy maglumatlardan habarly bolýarlar. Bu hem ylmyň täze belentliklere ýetirilmeginde önjeýli goşantdyr. Häzirki wagtda ýurduň ösüşi ylym-bilim, innowasion tehnologiýalar bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýaşlarymyzyň ylym-bilim öwrenmeklerini ýola goýmak, olaryň ylmy garaýyşlaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilikleri döretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda ýaş alymlara döredilýän mümkinçilikler, olaryň tehnologiýalara erk etmegi üçin bar bolan şertler aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi bu ugruň mundan beýläk hem ösdürilmegini, alymlary, ylmy işgärleriň täze nesliniň kemala gelmegini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz bu barada şeýle belleýär: «Ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşini täze derejelere çykarmak, ylmy barlaglaryň, tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, olary jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirmek alymlarymyzyň öňünde goýýan wajyp wezipelerimizdir». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, jemgyýetimiziň ösüşinde alymlaryň, işgärleriň öňünde uly wezipeler durýar. Ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmenler we ylmy işgärler taýýarlanylýar. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerde talyplaryň bilim we hünär öwrenmeklerinde ähli şertler döredilýär. Halypa mugallymlar ylmy işleri alyp barmakda talyplara halypalyk edýär. Ýaşlaryň ylmy döredijilik işlerine ýakyndan goldaw berýär. Ýaşlar ylmy edebiýatlary, kitaplary okap bilim derejelerini artdyrýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda ylmy maslahatlar, döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilip durulýar. Ýaşlaryň, ýaş alymlaryň çykyşlaryna orun berilýär. Bu bolsa ýaşlaryň ylym-bilim dünýäsine oňat düşünmeklerine we tejribe almaklaryna giň mümkinçilikleri döredýär, ýaş alymlaryň has-da kämilleşmeklerine, ylmyň dürli ugurlaryndan iş alyp barmaklaryna itergi berýär. Ylym-bilimi ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Yslamberdi TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk

institutynyň uly mugallymy.

 

«Mugallymlar» gazeti,

25.12.2023 ý.

Meňzeş habarlar