Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ilkinji finalçysy belli boldy. Ýarym finalyň jogap duşuşygynda «Arkadag» topary «Altyn asyry» 4:0 hasabynda ýeňip, ilkinji finalçy hökmünde adyny ýazdyrmagy başardy.
Duşuşyk paýtagtyň Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumy» stadionynda geçirildi. Türkmenistanyň çempiony Kubok ýaryşynda-da finala çykmak meselesini eýýäm birinji ýarymda çözdi. Wladimir Baýramowyň şägirtleri Nazar Towakelowyň, Begmyrat Baýowyň we Begenç Akmämmedowyň geçiren gollary bilen 3:0 hasabynda öňe saýlandylar.
«Arkadag» toparynyň ikinji ýarymdaky goluny bolsa Roman Galkin geçirdi. Şeýlelikde, 23 ýaşly goragçy döwlet ähmiýetli şäheriň toparyň ilkinji goluny geçirdi.
Kubok ýaryşynyň ikinji finalçysy 21-nji dekabrda geçiriljek «Ahal» ― «Merw» duşuşygyndan soň belli bolar.
turkmenportal.com