ÝAŞLAR – WATANYMYZYŇ RÖWŞEN GELJEGI

Üstümizdäki ýylyň şygarynyň hut ýaşlar bilen baglanyşdyrylmagy bir tarapdan ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretse, beýleki tarapdan, ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri, watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek babatda aýratyn ähmiýete eýe boldy. 27-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň geçirilmegi “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemleýän özboluşly çärä öwrüldi. Köpugurly sergide ýaş nesilleriň dürli ders olimpiadalarynda, döredijilik bäsleşiklerinde, sungat festiwallarynda, sport ýaryşlarynda gazanan ýokary üstünlikleri, döwlet hem-de hususy düzümlerde zähmet çekip ýeten sepgitleri giňden beýan edildi.

Yzygiderli ünsüň we goldawyň netijesinde, ýaş nesiller ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynda öňdebaryjy orunlara barha ynamly çykýarlar. Olaryň öňünde ähli gujur-gaýratyny, bilimlerini we başarnyklaryny ulanmak arkaly täze taryhy eýýamda başy başlanan ägirt uly özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmek, Watanymyzyň mundan    beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalary, geljegi uly taslamalary, meýilnamalary durmuşa geçirmek wezipeleri durýar. Ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi hem-de kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmekleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli amatly şertler döredilýär. Tamamlanyp barýan 2023-nji ýylda ýaşlaryň başlangyçlaryny we üstünliklerini giňeltmek maksady bilen guralan bu halkara forum hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi.

 

 

 

Döwran MYRADOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen

oba hojalyk uniwersitetiniň talyby,

Bagtyýarlyk etrap Halk Maslahatynyň agzasy.

Meňzeş habarlar