KALBYMYZ JOŞGUNDAN DOLY

Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň we döwletiň ykbalynda ýatdan çykmajak pursatlar, şanly wakalar bolup geçýär. Tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ata Watanymyzyň bagtyýar ýaşlarynyň durmuşynda bolup geçen taryhy we döwletli wakalar buýsançly söhbetlere hemra edýär.

Watanymyzyň mukaddesligi, ýaşlaryň abraý-mertebesi barada söz açanymyzda, ýurdumyzyň ýaşlarynyň kalbynyň iň gözel duýgulary, joşgunly owazlary bilen sazlaşyp, adaty sözlemler ajaýyp jümlelere öwrülýär. Çünki, bir-birine utgaşykly gelýän «Watan» we «Ýaşlar» düşünjesi biziň durmuşymyzyň özeni, ýaşaýşymyzyň asyl manysydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar hakynda edýän bimöçber aladalary bolsa, belent maksatlarymyza joşgun, yhlasymyza ganatly ylham berýär.

Şygaryndan hem mälim bolşy ýaly, tamamlanyp barýan şu ýylymyzyň eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde bagtyýar ýaşlarymyza bildirilýän uly ynamy äşgär edip, türkmen jemgyýetiniň kämilligiň ýoly bilen abadan geljegimize tarap gadamyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmen ýaşlary üçin giň mümkinçilikleriň gapysyny açan ýyl hökmünde, taryhyň altyn sahypalaryna girjek bu şanly ýylymyz, sözüň doly manysynda, ýaşlara uly ynam bildirilýändigini äleme ýaýan ýyl bolup, onuň her bir güni taryhy wakalara, şowly pursatlara, ajaýyplyklara we toýdur-baýramlara beslendi. Ýatdan çykmajak şeýle ýakymly pursatlar biz ýaşlaryň her biriniň ykbalyna nur bolup ýalkym saçdy. Şu ajaýyp pursatda, şöhratly ýylymyzyň şanly wakalaryny ýatlanyňda, kalbyňy ýakymly duýgular gaplap alýar.

2023-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet derejesinde kepillendirilýändiginiň ýene bir ýola aýdyň subutnamasy boldy. Sebitde ilkinji «akylly» we «ýaşyl» şäher bolan Arkadag şäheriniň «Ýaşlaryň şäheri» diýen belent derejä çykmagy, «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň döredilmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi bagtyýar ýaşlaryň ykbalynda ýatdan çykmajak taryhy wakalara öwrüldi.

Aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de, Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 16-18-nji noýabrda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň üstünlikli geçirilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar baradaky alyp barýan syýasatynyň dünýä giňişliginde belent sarpa mynasyp bolýandygynyň ýene bir ýola aýdyň subutnamasy boldy.

Ýaşlaryň durmuşynda uly özgerişliklere eýe bolýan ähmiýetli wakalaryň ýene biri hem, tamamlanyp barýan ýylymyzyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatynyň hem-de serginiň üstünlikli geçirilmegi, halkara ylmy-amaly maslahatynyň öz işini bölümçeleriň 10-synda dowam etmegi, bölümçelerdäki mejlislerde bolsa, abraýly halkara guramalaryň we ylmy institutlaryň hünärmenleri tarapyndan Halkara şahadatnamalaryň we güwänamalaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy ýaşlaryň göwün guşuny has hem ganatlandyrdy.

Şeýle taryhy wakalaryň toý-baýramlara beslenýän günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy hem ýaşlaryň ykbalyna ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyş eýledi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň aýdyň beýanyny özünde jemleýän bu kitabyň her bir jümlesi biz ýaşlaryň işlerinde gymmatly gollanmadyr, ýol-ýörelgedir. Bu ajaýyp kitap üçin ýaşlary ýaşaýşyň baýdagyna deňeýän, ýurdumyzy bedew bady bilen röwşen geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Goý, «Biziň geljegimiz ýaşlar bilendir!» diýýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde ýaşlara uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

 

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar