AHAL WELAÝATYNDA BILIM IŞGÄRLERINIŇ ÝANWAR MASLAHATYNA TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR

    Şu günler welaýatyň etraplarynda bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary guramaçylykly dowam edýär. Bilim işgärleriniň 2023-2024-nji okuw ýylynyň ýanwar maslahatynyň öňüsyrasynda dürli okuw dersleri boýunça geçirilýän bu usuly-amaly okuwlar ösüp gelýän ýaş nesle çuňňur bilim bermegiň ýolunda möhüm ähmiýete eýedir diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

    Habarda bellenilişi ýaly, usuly-amaly okuwlaryň barşynda bilim işgärleri bu ugurda öňde durýan esasy wezipeler, öz iş tejribeleri barada giňişleýin gürrüň edýärler.

    Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy, Gökdepe etrabyndaky 23-nji orta mekdeplerde etrap derejelerindäki usuly-amaly okuwlaryň çäginde öňdebaryjy bilim işgärleri tarapyndan guralan sergiler aýratyn gyzyklanma döredýär.

    Welaýatda bilim işgärleriniň ýanwar maslahatyna hem ykjam taýýarlyk görülýär diýlip, habarda bellenilýär.

turkmenportal.com

Meňzeş habarlar