Ahal welaýatynyň häkimligine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk umumyýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Baýly gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany umumybilim berýän mekdep we umumyýaşaýyş jaýy üçin daşky eltiji inžener ulgamlaryny çekip bermek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara şu gün — 12-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak hem-de umumybilim berýän mekdebi we umumyýaşaýyş jaýyny 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Resminama ýurduň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edildi.
turkmenportal.com