Ynsana berlen tebigy zehini kämilleşdirip, ýadaman-ýaltanman irginsiz zähmet çekilende, çekilen zähmetler öz ajaýyp miwesini berýär we ol adamy üstünliklere besleýär. Ýaşlygyna garamazdan, mugallymlarynyň öwredenlerini pugta öwrenip, okuwyň daşyndan hem kän-kän çeper eserleri okap, döredijilik diýlen giň hem syrly dünýäniň işiginden gadam basan Aýşat Narakowa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerini üstünlik bilen garşylady.
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Aýşat Narakowa ýaşlygyndan çeper eserleri okamaklyga, goşgulary ýat tutmaklyga höwesli boldy. Çeper edebiýata bolan çäksiz yhlasy netijesinde, Aýşat özbaşdak goşgulardyr hekaýajyklar ýazmaga synanyşyp başlady. Ýaş gyzdaky zehini, yhlasy gören mugallymy Bahar Annaşowa bu ugurda oňa halypalyk edip, onuň bilen özbaşdak işläp başlaýar.
Ýaşajyk Aýşadyň erjelligi, zehinliligi öz miwelerini berip başlaýar. Ilkibaşda mekdepde synpdaşlarynyň arasynda öz goşgularyny okap berip, saýlanyp başlan Aýşat soň-soňlar gazet-žurnallarda çykyş edip başlaýar. Okuwçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp, öňdäki orunlara mynasyp bolmagy ony hasam ruhlandyryp, öz üstünde hasam köp işlemegine itergi berýär.
Ilki-ilkiler etrap, welaýat derejelerinde geçirilýän döredijilik duşuşyklaryna, bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, çykyş edýändigi üçin birnäçe Hormat hatlaryna mynasyp bolýar.
2022-nji ýylda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 – 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda yglan eden «Parahatçylyk: çagalaryň sesi. atly döredijilik bäsleşiginiň etrap, welaýat tapgyrlarynyň ýeňijisi bolup, bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşyp, Hormat haty bilen sylaglanýar. Şeýle hem şol ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde, mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan eden «Kalbymyzyň owazynda Arkadagly zamanamyz» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi bolmagy başarýar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip atlandyrylan 2023-nji ýylda hem Aýşat Narakowa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Ýangyn-amaly sport Federasiýasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýangyn howpsuzlygy gullugynyň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan eden «Bilimli nesil – kuwwatly Watan» atly ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini wagyz-nesihat ediji bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşyp, Diplom bilen sylaglanylýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge, döredijiligiň dürli ugurlary, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklyga, aýdym-saz äleminde mynasyp orunlaryny tapmaklyga ähli şertler we mümkinçilikler döredilen. Iň bir guwandyrýan we buýsandyrýan ýeri hem, her bir ýaş zehin eýesiniň üstünlikleri mynasyp derejede bahalanýar. On dört ýaşly okuwçy gyzjagazyň döredijilik äleminde gazanan üstünlikleri nazara alnyp, Aýşat Narakowa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi bolmak bagty miýesser etdi.
Täze ýylyň ilkinji günlerinde gazanan şeýle ajaýyp üstünligi bilen Aýşat jigimizi gutlaýarys, oňa mundan beýläk hem döredijilik äleminde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris!
Kemal SABYROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly
etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.