Magtymguly atamyzyň «Yhlas bilen kämillige gol bergen, ýeter maksadyna, ýetmeýen galmaz» diýen dana jümlesi bar. Bu jümlede akyldar şahyr her bir işe yhlas bilen ýapyşylyp, irginsiz zähmet çekilende, öňde goýlan maksadyňa hökman ýetilýändigi barada belläp geçýär. Ýaşlygyndan aýdym-saz diýlen jadyly dünýä aralaşyp, bu babatda halypalardan tälim alan Görogly etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 50-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Jeren Mähemmyradowa hem yhlasly zähmetiniň oňyn netijelerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan pursatlarynda aýdyň göz ýetirdi.
Ýaşlygyndan aýdym-saz sungaty bilen içgin gyzyklanyp başlan Jeren Mähemmyradowa bu ugurda öz zehinini kämilleşdirmek üçin welaýatyň Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň skripka hünäri boýunça tälim alyp başlaýar. Skripka saz guralynda sazlary ýerine ýetirmekden daşary hem mekdepde we etrap, welaýat, döwlet derejelerinde geçirilýän medeni çärelerde, teleýaýlymlarda ata Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýetilýän belent sepgitleri, dost-doganlygy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirmekde işjeň çykyş edip başlaýar.
2022-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde guramaklarynda geçirilen «Aýdym-sazly diýaryň saýrak bilbilleri biz» atly aýdym-sazly bäsleşikde 1-nji orna mynasyp bolýar.
Ýene-de şol ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň etrap we welaýat tapgyrlaryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýär.
Jeren Mähemmyradowa «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde, Milli bahar baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 – 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirilen «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyrynda 3-nji orna mynasyp boldy.
Ýaşlygyna garamazdan, öz zehini, ukyp-başarnygy bilen tanalyp, Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan Jeren Mähemmyradowa ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmeklige ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz çaga kalbyndan çykýan alkyşlaryny öz ajaýyp aýdymlary bilen beýan edýär.
Hudaýnazar MEREDOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.