2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygar bilen atlandyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän goşgusyndan ugur alyp, şygryýet äleminiň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen baglylykda aýratyn mana eýe boldy. Özüniň ykbalyny türkmen halkynyň ykbalyna mäkäm baglan şahyryň arzuw eden Berkarar döwletinde ýaşaýarys. Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak bilen, şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. Öz döwrüniň beýik şahsyýeti bolan Magtymguly Pyragy ýaşap geçen döwründe ilimiziň agzybirligini, asudalygyny, jebisligini, abadançylygyny, halallygyny, watansöýüjiligini ündemek bilen türkmen halkyny bir suprada jemlemek ugrunda beýik işleri bitiripdir.
Bu günki gün hem hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz halkyny agzybir, asuda, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda yzygiderli tagallalary edýär. Ýurdumyzda şahyryň ömrüne, külli adamzadyň ýoluna ýagty saçýan, halklaryň kalplaryny ýakynlaşdyrýan, gaýtalanmajak eserlerine bagyşlanan ylmy işler taýýarlanylýar. Beýik dananyň halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýän edebi mirasyny dünýä derejesinde wagyz etmek boýunça degişli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmen pelsepesini we edebiýatyny ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren beýik söz ussadynyň watançylyk, ynsanperwerlik, terbiýeçilik we millilik babatyndaky ýörelgelerini köpçülige ýetirmek, ýaşlaryň durmuşyna ornaşdyrmak maksady bilen, dokumental we çeper filmler döredilýär, okuw-usulyýet maslahatlary we teleradio gepleşikleri guralýar.
Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biziň her birimiz üçin çäksiz bagtdyr. Şeýle bagtyýarlyga ýetiren hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyk bildirýäris!
Abat MÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.