Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň dowamçysy bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günleri halkymyz üçin, esasan hem geljegimiziň eýeleri bolan körpe nesillerimiz üçin ýatdan çykmajak şatlykly pursatlara beslenýär. Täze ýylyň ilkinji günlerinde aýdym-saz sungatynda, döredijilikde öz zehinleri bilen tapawutlanmagy başaran okuwçy ýaşlaryň ençemesi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýylyň-ýylyna geçirýän Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi boldular. Täze ýyly şeýle bagtyýar, şatlykly pursatlar bilen garşylan körpe nesillerimiziň biri hem, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Ýakup Altybaýewdir.
Kiçi ýaşlygyndan aýdym aýtmak bilen içgin gyzyklanyp başlan Ýakubyň aýdym-saz sungatyna bolan höwesi, yhlasy, erjelligi onuň bu ugurda üstünliklere mynasyp bolmagyna ýol açýar. Körpeje Ýakubyň zehinine, aýdym aýtmaga bolan yhlasyna göz ýetiren Görogly etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirlen 65-nji orta mekdebiniň mugallymy Çemen Meňlimedowa bu oglanjyk bilen özbaşdak işläp, oňa aýdym aýtmagyň, sahnada özüňi alyp barmagyň inçe syrlaryny öwretmäge başlaýar. Mugallymyň we ýaşajyk Ýakubyň çeken irginsiz zähmetleri öz oňyn miwelerini berip başlaýar. Ýakup Altybaýew ýaşlygyna garamazdan, ata Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýetilýän belent sepgitleri, dost-doganlygy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdymlary bilen yzygiderli çykyş edip başlaýar.
Ol ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3 – 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda geçirilýän «Merdana nesil – 2022» atly şadyýan bäsleşigiň etrap, welaýat tapgyrlarynda üstünlikli çykyş edip, tapawutlanmagy başarýar. Şonuň ýaly-da, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň etrap we welaýat tapgyrlaryna işjeň gatnaşyp, üstünlikli çykyş edendigi üçin Hormat hatlary bilen sylaglandy.
Täze ýyly şatlykly habar bilen garşy alan, Gulbaba adyndaky çagalar baýragynynyň eýesi bolan Ýakup Altybaýewiň çaga ýüreginden çykan ata Watanymyzyň geljegi bolan körpe nesillere okamaga, öwrenmäge, medeniýet-sungat äleminde öz mynasyp ornuny tapmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk duýgulary ajaýyp aýdym bolup ýaňlanýar.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap
Geňeşiniň bölüm müdiri.