ÄHLI DÖWÜRLERIŇ ŞAHYRY

      Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ynamly gadamlar bilen täze belentliklere çykýar. Beýik özgertmeleri maksat edinýän agzybir türkmen halky 2024-nji ýyla hem uly ruhubelentlik bilen girişdi. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän goşgusyndan ugur alyp, üstümizdäki ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde bellemek babatda durmuşa geçirilýän işler akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

      Beýik akyldarymyzyň «Berkarar döwlet istärin» diýip özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen hasyl boldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki döwürde ussat şahyryň döredijiligi dünýä ýaýylýar, çünki Pyragynyň ylham zehininden gaýnap çykan edebi eserleri, çuňňur pelsepä ýugrulan goşgulary dünýä halklarynyň hakydasynda baky ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, 2024-nji ýyla Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrylmagy biz ýaşlary diýseň begendirdi. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen söz äleminiň akyldarynyň dana pikirleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, arzuw-hyýallary wysal bolýar. Halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy, akyldar şahyrymyzyň ömri-döredijiliginiň giňden öwrenilmegi ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutumly işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

 

Maral HUDAÝKULYÝEWA,

TMÝG-niň Saýat etrap Geňeşiniň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar