Çagalar giň dünýäniň gül läleleridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramaga, sagdyn nesli kemala getirmäge berilýän döwlet derejesindäki üns-alada barha rowaçlanýar. Şunda çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramaga gönükdirilen işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Olaryň mynasyp derejede bilim almagy, sagdyn ösmegi we kämilleşmegi ugrunda ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýaşlykdan ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy sanjymlar edilýär. Ýokary amatlyklary bolan durmuş şertleriniň üpjün edilmeginiň, olaryň döwrebap bilim we terbiýe almagyna, sagdyn ösmegine gönükdirilen tagallalaryň özi-de, ýurdumyzda ýaş nesiller baradaky aladanyň belentdigini aýdyň görkezýär. Her ýylyň 1-nji iýunynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Çagalary goramagyň halkara güni giňden we dabaraly bellenilýär. Şol gün şadyýan çagalygy, bagtyýar durmuşy wasp edýän goşgudyr aýdymlaryň waspy belentden ýaňlanýar.
Ýurdumyzda çagalaryň hukuklary we erkinlikleri kanun esasynda goralýar. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyny tassyklap, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi, ýokary derejede bilim-terbiýe almagy, olaryň her birine oňaýly şertleriň döredilmegi üçin ähli mümkiçilikleri döredip berýär we Konwensiýanyň öňde goýýan wezipelerini gyşarnyksyz durmuşa geçirmekde jogapkärçilikli çemeleşýär. Hossarsyz galan çagalar baradaky üns-alada bolsa, döwletiň öz üstüne alan borçnamalaryna mydama ygrarly bolup gelýändigini aýdyň subut edýär.
Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler üçin hem ähli zerur şertler üpjün edilip, çagalaryň boş wagtlaryny manyly we gyzykly geçirmekleri, ylym-bilim almaklary, döredijilik zehinlerini artdyrmaklary we ýüze çykarmaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkiçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine döwrebap enjamlaşdyrylan «Tiz kömek» awtoulaglary berilýär. Şeýle-de, gazna tarapyndan goldawa mätäç çagalara, köp çagaly maşgalalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda barlag işlerini, operasiýalary geçirmek, olary bejermek üçin zerur bolan serişdeler doly derejede gönükdirilýär. Bu babatda «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde hereket edýän 2021 — 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezlerinde yzygiderli bolmagy, Türkmenbaşy, Daşoguz we Türkmenabat şäherleriniň köpugurly hassahanalarynyň çagalar bölümlerine baryp görmegi atalyk aladalardan nyşandyr.
«Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda eneligiň we çagalygyň goralmagyny üpjün etmegiň döwlet kepillikleri bellenilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Çaganyň hukuklary hakyndaky» Konwensiýa kabul edildi. Türkmenistan bu Konwensiýa 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda goşuldy.
«Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda çaganyň özbaşdak şahsyýet hökmündäki hukuk derejesi kesgitlenilýär. Bu Kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda, on sekiz ýaşyna (kämillik ýaşyna) ýetmedik adam çaga hökmünde ykrar edilýär. Şu Kanunyň 4-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan her bir çaganyň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, durmuş we emläk ýagdaýyna, özüniň we ata-enesiniň ýaşaýan ýerine, diline, bilimine, dini garaýşyna, dogluş ýagdaýyna, saglygyna ýa-da beýleki ýagdaýlaryna garamazdan, hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligi kepillendirilýär.
Ýaş raýatlarymyz barada Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz bimöçber uly aladalary edip, giň mümkinçilikleri döredip berýär. Bagtyýar çagalygyň parahat, abadan we şadyýan geçmegi üçin ähli şertler döredilýär. Tomusky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde döredilýän mümkinçilikler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýerde körpeler wagtyny many-mazmuna beslenen meýilnama esasynda geçirýärler, oňat dynç alýarlar, özleriniň saýlap alan söýgili sporty bilen meşgullanýarlar. Ine, şeýle bagtyýarlyk biziň ýurdumyzyň körpe nesilleriniň her birinde bar. Çünki biziň Watanymyz – bagtyýar çagalygyň mekany.
Meretgül ESENOWA,
Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň
44-nji orta mekdebiniň mugallymy.