GURMAK, DÖRETMEK BAGTY

      Ine, şeýle bagt bu günki gün ýaşlara mahsus. Ýaşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary bilen gurşalandyr. Ýaşlaryň döwrebap gurşawda bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

      Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, kämil, belent ruhly, ýokary ahlakly bolmagy, şeýle hem Watana, il-ulsuna wepaly bolup ýetişmekleri ugrundaky aladalar döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Munuň şeýle bolmagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesilleri günübirin esasy üns merkezinde saklamagy bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki ýaşlar – ýurduň geljegi. Olar şol bir wagtyň özünde ýurduň ygtybarly bilim we kämil ylym binýadynyň nusgasy. Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän gurşawda bilim almagy dünýä ylmyna işjeň aralaşmagyna mümkinçilik berýär. Şeýle mümkinçilikleri gazanmak üçin ýaş nesilleriň yhlasly okamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli amatly şertler döredilýär. Orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň okuw binýadynyň berkidilmeginiň özi durmuşa geçirilýän asylly işlere aýdyň mysal bolup biler.

      Ýaşlaryň dünýäniň soňky gazananlary bilen aýakdaş gitmegini gazanmak, döwrüň ruhunda täzeçe pikirlenip bilýän, syýasy taýdan sowatly, giň dünýägaraýyşly ýaşlary ýüze çykarmak üçin ilkinji nobatda, döwrebap ylym-bilim bermek zerur bolup durýar. Bu bolsa, öz nobatynda ýaşlaryň dünýägaraýşynyň giňelmeginde we ylmy intellektualynyň artmagynda berk esasdyr.

      Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň döwrebap şertlerde bilim almagy we hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Bilim bermegiň 12 ýyllyk umumy orta bilime geçirilmegi bu ugurda asylly we netijeli ädim boldy. Orta mekdeplerde ykdysadyýetiň esaslary, ekologiýa, Türkmenistanyň mirasy, habar beriş-kommunikasiýa we informasion tehnologiýalar, modelirleme we grafika ýaly täze sapaklar girizildi. Şeýle hem, 11-nji synplarda özüňi alyp barmagyň medeniýeti we dünýä medeniýeti boýunça bilim berlip başlandy. Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň yzygiderli sanynyň artdyrylmagy hem bu ugurda nusgalyk işleriň biridir. Gysga döwrüň içinde täze hünärleriň köp sanlysy açyldy, täze ýokary okuw mekdepleri bilim bermegiň aýdyň ýoluna gadam basdy. Munuň özi, döwletimiziň bilim ulgamyny ösdürmegi ýokary derejede alyp barýandygyny aýdyň görkezýär.

      Biz — ýaşlar yhlasly zähmet çekip, bu ugurda zehinimizi we bilimimizi gaýgyrmazdan, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga çalyşýarys. Munuň üçin bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Döwrebap, amatly we dünýä ülňüli gurşawda bilim bermek biz — ýaşlar üçin mynasyp serpaýdyr.

 

Abdymurat AHMEDOW,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň

taryh mugallymy, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar