ÝAŞLAR ÜÇIN GYMMATLY GOLLANMA

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalaryň netijesinde Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Muňa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny okanyňda hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Döwlet Baştutanymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan bu eseri çuňňur many-mazmuna eýedir. Şöhratly ýylymyzyň şanly wakalaryndan söz açýan setirler bizi hiç wagt hakydalardan öçmejek şol taryhy pursatlara hemra edýär. Her sözüň manysynda, her sözlemiň mazmunynda, her beýanyň süňňünde hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän ynamyny görmek bolýar. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz kitabynda şeýle beýan edýär: «Men “Watan” we “halk” diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn”.

       Biz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby okanymyzda, yzygiderli ünsüň we goldawyň netijesinde, ýaş nesillerimiziň ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynda öňdebaryjy orunlara barha ynamly çykýandygyna göz ýetirýäris. Ýaşlarymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bilimde, ylymda, sportda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda, telekeçilikde we döwlet durmuşynyň beýleki ugurlarynda gazanan döwlet we halkara derejelerindäki üstünlikleri hem bu ajaýyp kitapda öz beýanyny tapýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bagyşlanan gymmatly eseri sowgat etmegi ýaş nesliň wekilleriniň jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilýändigini görkezýär.

       Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly çuňňur many-mazmuna hem-de taryhy pursatlara baý bolan eseri ýaş nesillerimiz üçin kämil ýol-ýörelge, nusgalyk gollanma diýip uly ynam bilen aýdyp bileris. Ajaýyp kitabyň çapdan çykmagy we 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli şu günler etrabymyzda dabaraly maslahatlar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik we beýleki wagyz-nesihat çäreleri giň gerime eýe bolýar. Bu çärelerde çykyş edýänler ruhy gymmatlyklarymyza aýratyn gadyr goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen Watanymyzyň ähli pudaklarynyň güýçli depginde ösýändigini, ýurdumyzda taryhy ähmiýetli işleriň barha rowaçlanýandygyny uly buýsanç bilen belleýärler. Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň biz ýaşlar üçin bagtlylykdan nyşandygy, bu ajaýyp eseriň ýaşlar üçin gymmatly gollanmadygy we nusgalyk ýol-ýörelgedigi, her jümlesinde ýaşlara bildirilýän uly ynam baradaky guwançly çykyşlara aýratyn ähmiýet berilýär. Ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziň galamynyň ujunyň ýiti bolmagyny, şeýle eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuwlap, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan edýärler.

 

Nadira RAHMEDOWA,

TMÝG-niň Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar