BALYK HOJALYGYNY ÖSDÜRMEGIŇ UGURLARY WE EKOLOGIÝA TÄSIRI

      Balyk ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda, balykçylyk ulgamynyň ösüşlerini tijemek üçin ýurdumyzda bar bolan suw howdanlarynyň mümkinçiliklerini rejeli ulanmak we üznüksiz önümçiligi ýola goýmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Balykçylyk hojalygy ýurdumyzda üns berilýän pudaklaryň hataryna girmek bilen, soňky ýyllarda döwlet tarapyndan maddy-tehniki serişdeler bilen üpjün edilýär, her welaýatda önümçilik kärhanalaryny gurmak boýunça uly çäreler amala aşyrylýar. Şeýle-de, Türkmenistanda ýörite «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakyndaky» Kanun hereket edýär. Bu Kanun balykçylyk ulgamyny kadalaşdyrýan esasy resminama bolup, ol balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak babatdaky işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. “Suw hakynda" Türkmenistanyň Kodeksi bolsa, balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalaryny goramak işleri amala aşyrmaga ýardam beriji resminamadyr. Ýurdumyzda ekologiýa meselesi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şol sebäpli-de, bu resminama balykçylyk ulgamyny ekologiýa meseleleri bilen baglanyşykly öwrenmek, bu ugry sazlaşykly ösdürmek baradaky wezipeleriň wagtynda ýerine ýetirilmegine ýakyndan ýardam berýär.

      Ýurdumyzda Hazar deňzinde, Amyderýada, Murgap, Tejen derýalarynda, Garagum derýasynda ýaşaýan balyklaryň ýaşaýyşlaryny, köpelişlerini, ýaýraýyşlaryny we ekologiýasyny öwrenmek häzirki döwürde wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Türkmenistanda derýalary hapa-haşal otlardan, çüýrüntgilerden, mör-möjeklerden gorap saklamak ýaly işler, ol ýerlerde ot iýýän balyklary köpeltmek, deňizdir derýalaryň ekologiýa ýagdaýyny gorap saklamak üçin amala aşyrylýan işlerdir. Ekologiýa meselesi bolsa, balykçylyk ulgamynyň esasy meseleleriniň biridir.

      Balyklar barada gürrüň açylanda, Hazar deňzini agzaman geçmek bolmaz. Hazar deňzi özüniň baý haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Bu deňizde seýrek duş gelýän we endemiki, tebigaty goramak boýunça halkara birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilen jandarlaryň 300-e golaýy ýaşaýar. Hazaryň türkmen böleginde ekologik abadançylygyň saklanmagyna hormatly Prezidentimiz uly üns berýär. Deňiz giňişliginiň türkmen böleginde baý balyk gorlarynyň dikeldilmegine, balyk önümlerini gaýtadan işleýän senagatyň işini düzgünleşdirmäge ýurdumyzda aýratyn ähmiýet berilýär. Sebitiň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamaga gönükdirilen çäreler yzygider alnyp barylýar.

      Diňe bir Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny däl, eýsem Amyderýa ýakalarynyň, Murgap, Tejen ýaly derýalaryň kenarýakalarynyň abadançylygyny saklamak, ol derýalarda ýaşaýan balyklaryň köpelmekleri we tebigy ýagdaýda ýaýramaklaryna şertleri döretmek hem bu ulgamda amala aşyrylmasy zerur işleriň biridir. Şol sebäpli hem, balykçylyk ulgamynyň ösüşlerini, balyklaryň ýaýraýşynyň we ekologiýasynyň aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek wajyp ugurlaryň biri bolup durýar.

      Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň çuň bilimli bolmagy üçin uly aladalary edýär. Şeýle-de, ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň ýaşlygyndan ylym bilen meşgullanmaklary üçin hem ähli mümkinçilikler döredilendir. Bu bolsa, ýaşlaryň  mekdep ýyllaryndan başlap, ylmyň dürli ugurlaryna çuň aralaşmagyna ýardam edýär. Balyk hojalygyny ösdürmegiň netijeli ugurlary, ekologiýa bilen arabaglanyşygyny açyp görkezýän ylmy işler hem bu ugurda möhüm orna eýedir. Ylmy garaýyşlar, seljermeler we pikirler möhüm pudagyň nazary we ylmy-amaly binýadyny berkitmäge özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Ýaşlar hem bu babatda birjikde çetde durmaýarlar. Olar balyk hojalygynyň düzüm bölekleriniň her birisi dogrusynda ylmy gözlegleri amala aşyrýarlar. Bu babatda ýurdumyzda ähli mümkinçilikler we şertler yzygiderli döredilýär.

 

Mergen ÖWEZOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar