RÖWŞEN GELJEGIŇ EÝELERI

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen okgunly öňe barýan ata Watanymyz tutuş dünýäde ýaşlaryň bähbitlerini ileri tutýan, ýaş nesliň göwnejaý ösüp, ulalmagy babatda zerur şertleri döretmegi ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde öňe sürýän hem-de şol wezipelere amal etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýän ýurt hökmünde tanalýar. Netijede bolsa, durmuş syýasatynyň bu ugrunda ýurdumyzda uly öňegidişlikler gazanylýar. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşyny durnukly döwlet ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hasaplaýar.

      Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen ýurdumyzda we halkara giňişliginde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine türkmen ýaşlarynyň hem işjeň gatnaşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ýaşlar üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigine hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň sahypalaryny açanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitaby ýaşlary Watana hyzmat etmegiň, aýratyn şahsyýet hökmünde kemala gelmegiň, kämilleşmegiň aýdyň ýoluna gönükdirilýär. Hakykatdan hem, beýik işler halka daýanylyp, halkyň hatyrasyna amala aşyrylýan tutumlardyr. Her bir ynsan Watana bolan söýgüsi bilen durmuşyň täze belentliklerine, üstünliklere ýetip biler. Şeýle ajaýyp özgertmeleri her ädimde diýen ýaly duýup ýaşaýan, işleýän gujur gaýratly, halal zähmetli ýaşlary terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Bize okamaga, halal zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Näzik ATAÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar