Türkmen maşgalasynda ogul perzendine aýratyn sarpa goýulýar. Ogul perzende garaşmaýan maşgala az-az bolsa gerek. Garaşylan gün gelende bolsa bäbejigiň dünýä inen gününden başlap goç ogul, Watan ogly bolmagyny, ile gerekli – il ogly bolmagyny arzuw edýärler. Şeýdibem, erkek oglanjygyň aňy çagalygyndan Watana gulluk etmegiň parzdygy, Watanyň mukaddesligi, onuň hyzmatynda bolup, ata-eneňi göreldeli gullugyň bilen begendirmelidigi hakyndaky gürrüňler bilen gandyrylýar. Asyrlaryň jümmüşinden geçip gelen bu hakykat gözbaşyny taryhda alyp gaýdýar. Men muny şu hekaýanyň üsti bilen mysal getirmek isleýärin.
Gadym döwürlerde gaýry ýurtdan gelýän agyr kerwen bir türkmen obasynyň üstünden geçmeli bolupdyr. Bag-bakjasy seleňläp oturan bir obanyň gyrasynda eli okly, ýaýly ýedi ýaşlaryndaky oglanjyk çöküne düşüp, aglap oturan eken. Kerwenbaşy oglanjygyň ýanyna baryp: «Oglum, näme boldy, näme üçin aglaýarsyň?» diýip sorapdyr. Oglanjyk gözünden boýur-boýur ýaş döküp oturyşyna, ok atym aralykdaky gara agajy görkezip: «Men nyşanany urup bilmedim, şonuň üçin namys edip otyryn, özüme gaharym gelýär» diýip, jogap beripdir. «Heý-de onuň üçinem gözýaş dökerlermi. Sagdagyň okdan doly, ýene birini alyp, atyp goýber» diýip, kerwenbaşy dillenipdir. Onda oglanjyk: «Ýöne duşman meniň ýene bir okumy alaryma garaşyp durarmy näme?» diýip, kerwenbaşynyň ýüzüne soragly nazaryny dikipdir. Kerwenbaşy bu jogaba haýran galypdyr: «Türkmeniň ýedi ýaşlysy şeýle pikir edýän bolsa, ýaşy ýetip, akly goýalyşanlarda Watan, namys duýgusy has kämil bolmaly» diýip, türkmeniň bu duýgusyna telpek goýupdyr.
Gymmatlyklaryň mukaddes bolşy ýaly, olaryň goragy-da mukaddesdir. Ýeri gelende belläp geçsek, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine sowgat eden “Watan goragy mukaddesdir” atly kitaby Watan goragçylarynyň döwletimiziň öňünde goýan wezipelerini birkemsiz ýerine ýetirmekleri üçin ýolgörkeziji gymmatly gollanma, ruhy goldaw boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Adatça, mertler Watany beýgeldýändir” diýen sözleri Watan goragçylarynyň hemişelik şygaryna ýörelgesine öwrüldi. Watanyň ykbalyny öz ykbaly hasaplaýan, il-gününi başyna täç eden, ömrüniň manysyny Kasamyna ygrarynda, ýurduna wepasynda görýän mertler hemişe Watany beýgeldýärler. Biz bu hakykatyň baş nusgasyny Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň şahsy göreldesinde görýäris.
Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, öz zehinimizi dünýä ýüzüne açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, alyp barýan beýik işleriniň mundan-da beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Didar GELDIÝEW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.