ÖZGERTMELER DÖWRÜŇ TALABY

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň çuňňur many-mazmuny «Watan diňe halky bilen Watandyr!» Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarda öz beýanyny tapýar. Bu şygar döwletimiziň esasy ýörelgesi bolup, demokratik kada-kanunlaryň düýp mazmunyny özünde jemleýär. Adam hukuklary we azatlyklary boýunça döwletimiziň kämilligine, demokratik derejesine, hukuk binýadyna, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygyna ýokary derejede baha berilýär.

      Milli demokratiýamyz, kanunçylyk ýörelgelerimiz köpasyrlyk taryhy kada-kanunlarymyzdan ugur almak bilen, häzirki döwrüň demokratiýa, hukuk, erkin, azat ýaşaýyş baradaky iň gowy ýörelgelerini özünde jemleýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri ornaşdyrmakda we berkitmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly orun degişlidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýylda geçirilen mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halk häkimiýeti berkarar edilen döwletdir. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Milli agzybirligimiz, kanunlaryň hökmürowanlygy, häkimiýet edaralarynyň we dolandyryş ulgamynyň netijeli bolmagy, jemgyýetçilik pikiriniň ileri tutulmagy biziň saýlap alan ýolumyzyň kesgitleýji aýratynlygydyr» diýip bellemegi biziň ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

      Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde taryhy söz sözlemek bilen, hormatly Prezidentimiz şeýle belledi: «Jemgyýetimizde täze hukuk medeniýetini kemala getirmek, döwletlilik ýörelgelerimizi we demokratiýany ösdürmek boýunça Halk Maslahatynyň agzalary hem-de Mejlisiň deputatlary tarapyndan köp işleriň ýerine ýetirilendigini we geljekde-de dowam etdiriljekdigini aýratyn bellemek isleýärin». Şu ganatly sözlerden ugur alyp, Halk Maslahatynyň ýerlerdäki wekilleri bolan welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary bilen bilelikde, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň içeri we daşary syýasatyny, demokratik özgertmeleri dowam etdirmekde öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýärler.

      Bu günki gün ata Watanymyzyň çar künjegi gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Gurulýan ähli desgalar, goý, ol önümçilik maksatly ýa-da durmuş-medeni maksatly binalar bolsun, bularyň ählisi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Bu işler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam edýän özgertmeler syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Bu işler öz gezeginde döwletimiziň we halkymyzyň örän uly, egsilmez mümkinçiliklerini giňden açyp görkezdi.

      Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler Türkmenistanyň dogry ýoly saýlap alandygyna şaýatlyk edýär. Mundan beýläk amala aşyrylmaly işler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýylyň 24-nji sentýabrynda bolup geçen mejlisinde aýdyň kesgitlenildi. Bu mejlis «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», beýleki möhüm ähmiýetli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge täze güýç, itergi berdi.

      Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän şeýle taryhy wakalaryň, kabul edilýän il-ýurt bähbitli çözgütleriň ähmiýetini, olardan gelip çykýan wezipeleri ildeşlerimize düşündirmekde, wagyz etmekde halk maslahatynyň agzalary hökmünde yhlasymyzy gaýgyrmarys.

 

Sabyrgeldi BEGOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy,

Daşoguz şäher halk maslahatynyň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar