AKYLDAR ŞAHYRYŇ BELENT SARPASY

       Täze 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylmagy tüýs ýerine düşen çözgüt bolup, halkymyzda çuňňur kanagatlanma döretdi. Şeýle ajaýyp şygarly ýylda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede dabaraly belleniler.

       Gahryman Arkadagymyzyň milli edebi mirasymyza sarpa goýmak bilen baglanyşykly badalga beren asylly başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilip, ruhy ýörelgelerimizi, taryhymyzy, medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmäge, olary giňden wagyz etmäge uly üns berilýär.

       Magtymguly Pyragy Gündogaryň meşhur akyldar şahyrydyr. Öz mähriban halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny tüýs ýürekden arzuw edip, ony şygyrlarynda şöhlelendirip, ajaýyp söz ussadynyň watansöýüjiligi, adamkärçiligi, ýokary ahlaklylygy ündeýän öwüt-nesihat goşgulary dürs ýoly salgy berýän özboluşly çelgidir. Akyldaryň şygyrlary agzybirligiň, bitewüligiň, ynsanperwerligiň aýdymy bolup ýaňlanýar.

       Täze ýylyň şygary mynasybetli ýaňy-ýakynda geçiren çärämizde bular barada giňişleýin gürrüň edildi. Şahyra halkara derejede goýulýan belent sarpa bütin türkmen halky bilen bir hatarda biz – ýaşlarda hem buýsanç duýgularyny döredýär. Zähmet çekýän guramamyzyň akyldar şahyryň adyny götermegi bizi has-da buýsandyrýar. Ilkinji nobatda bolsa ýurdumyzyň ýaş neslini Magtymguly atamyzyň paýhasly öwütleriniň esasynda halka, Watana, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk ruhunda terbiýelemek guramanyň ýerlerdäki wekilleri hökmünde biziň gönüden-göni borjumyz bolup durýar. Biz öz işimizi hut şu esasda guramak bilen, ýaşlar bilen terbiýeçilik we wagyz-ündew işlerine aýratyn üns berýäris. Şonuň üçinem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap ýaşlaryň gatnaşmaklarynda dabaralary, bäsleşikleri, çaý başyndaky döredijilik duşuşyklaryny, konsertleri, sergileri we beýleki medeni çäreleri yzygiderli geçirýäris. Halkymyzyň ajaýyp söz ussadyna goýýan belent sarpasy, onuň asyrlar geçse-de, gymmaty egsilmeýän dürdäne döredijiligi dogrusyndaky täsirli söhbetler guraýan çärelerimiziň esasy mazmunyny düzýär.

       Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly rowaçlyklaryň, täze-täze üstünlikleriň ýyly bolar. Türkmen halkyny bagtyýarlygyň aýdyň ýolunda röwşen geljege ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

 

Nartäç GANÝOKMAZOWA,

TMÝG-nyň Balkanabat şäher Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar