Bedew batly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Eziz Diýarymyzda «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, onuň binýadynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň» tassyklanylmagy, nurana geljegiň eýeleri bolan ynamly, yhlasly, ruhubelent ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine uly mümkinçilikleri döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Kämil şahsyýet bolup ýetişmekde adamzada mahsus bolan duýgynyň ilkinjisi ata Watana, ene topraga bolan söýgüdir» diýip uly buýsanç bilen belleýär. Şeýle uly mümkinçiliklerden peýdalanýan, ýüregi hyjuwdan doly bagtyýar, kämil ýaşlar buýsanç bilen zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.
Watan mukaddesligi üçin berjaý edilýän işjeň netijeleri, ýurdumyzyň ösüşleri ýaşlaryň durmuşyna aýratyn röwüş çaýýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň ýaşlary ertirki gün ýurdy beýgeltjek türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga söýgä bolan sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlygy täze taryhy zamananyň beýanynda öz synmaz ornuny tapýar.
Bagtyýarlyk zamanamyzda alnyp barylýan şu günki ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläkde gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, ýaşlarymyzyň sagdyn bilimli bolup ýetişmeklerine gönükdirlendir. Ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýaşlara mahsus bolan we ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar barada döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyza, halkymyza, ajaýyp ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim we terbiýe almaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Şu günümiz düýnküden tapawutly ösüş-özgerişleri bilen geljekki nesillere şanymyzy, şöhratymyzy buşlamak üçin taryh sahypalaryndan öz mynasyp ornuny tapýar. Bu gülläp ösüşler bolsa ýurdumyzda ýaşlar hakynda edilýän aladalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, milli medeniýetimizi, sungatymyzy has-da ösdürmäge aýdyň ýollar açýar. Şeýle işleriň netijesinde ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmegi, sagdyn bedenli, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin möhüm başlangyçlar durmuşa geçirilýär.
Türkmen ýaşlary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň geljegi. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünär taýýarlygy esasynda kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygy jemgyýetimizde şeýle möhüm orun eýeleýän ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny doly goraýar.
Ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlary boýunça ýaşlaryň başarnygyny, sagdyn we kämil ösüş derejesiniň giň mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, şeýle hem olaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramakda we muny iş ýüzünde amala aşyrmakda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu bolsa ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine uly mümkinçilikleri döredýär.
Ylyma uly sarpa goýýan halkymyz, döwletimizde ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokary bolmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň täze, kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen binalarynda ýaşlaryň müňlerçesi döwrebap bilim alýarlar. Alan bilimlerini önümçilik okuw tejribelikleriň üsti bilen has çuňlaşdyryp öwrenýärler. Kämil ýaşlar täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin ylmy işleri, döwrebap taslamalary alyp barýarlar. Her ýylda ýurdumyzda geçirilýän ýaş alymlaryň bäsleşigine hem ylmy işleri bilen ýaşlaryň birnäçesi gatnaşýarlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň edýän şeýle uly aladalaryna jogap edip her bir işe ýürekden ýapyşyp, merdana halkymyzyň adyny dünýäde mundan beýläk-de dabaralandyrmak, başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşmak, rowaçlygyň hem-de gülläp ösüşiň ýoly bilen öňe gitmek, milli gymmatlyklarymyzy mynasyp dowam etdirmek biz ýaşlaryň esasy borjumyzdyr.
Türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň dowamatyny uly üstünlikler bilen dowamata uzadýan Hormatly Prezidentimiziň işleri mundan beýläkde uly üstünliklere beslensin! Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun!
Süleýman BAÝRAMOW,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 135-nji orta
mekdebiniň 9-nji «A» synp okuwçysy.