MAGTYMGULY, HALK ÝADYNDAN AÝRYLMA

     «Dürden zynat paýhas-kalba salanyň,

     Iliňe öçmejek ýadygär boldy»

     Bu setirler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň il-gününe, tutuş adamzada aýdyp giden wesýetleriniň, nakyla öwrülen öwüt-nesihatlarynyň hiç wagt könelmejek gymmata eýedigine güwä geçýän sözlerdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýetimiz, sungatymyz, edebiýatymyz uly ösüşleri başdan geçirip, nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň ýazyjy-şahyrlarymyzyň döreden eserleri hem has içgin öwrenilýär. Şeýle ajaýyp nusgawy şahyrlarymyzyň naýbaşysy bolsa Magtymguly Pyragydyr.

     Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr» – diýip belleýär. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine aýratyn hormat, uly sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen şahyryň edebi mirasynyň halk köpçüligine ýetirilmegi, ylmy esasda giňişleýin öwrenilmegi ugrunda bahasyna ýetip bolmajak işler amal edilýär.

     Bu günki gün akyldaryň şygryýet dünýäsine aralaşyp, ynsan kalbyny durky bilen eýeleýän, heýjana salýan goşgularyny okaýarys, diňleýäris. Olar seniň durmuşyň her güni, aýy, ýyly üçin ýoluňa ýagtylyk saçýan mukaddes pentlerdir.

     «Ýagşylykda ile özün tanadan,

     Alkyş alyp, derejesi zor bolar» - diýip nygtaýan beýik dana atamyz öz halal rysgalyňa şükür etmelidigini, kanagatly bolmalydygyny öwüt berýär. Ol:

     «Öz ryzkyna hiç kanagat etmedik,

     Gözün diker kişi aşyna zar bolar» – diýýär.

     Akyldar dana atamyz özüniň goşgularynyň ebedi ýaşajakdygyny aňan deýin bize şeýle setirleri miras galdyrypdyr.

     «Magtymguly, sözle herne bileniň,

     Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,

     Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň,

     Senden soňkulara ýadygär bolar».

     Dana Magtymguly atamyzyň bize miras goýan şygyrlary her bir ynsan üçin ýol görkeziji şamçyragdyr.

     Goý, milli mirasymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda asyrlara barabar işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

 

Serdar MYRADOW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Magtymguly

etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

05 Oktýabr 2024 | 0 okalan

GAHRYMANÇYLYK UNUDYLMAÝAR

05 Oktýabr 2024 | 49 okalan

SUNGATDA DOSTLUK KÖPRÜSI